Habarlaryň arhiwi (2019-12-29)

2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Resminamada bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna müdimilik girdi. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip...

Türkmenistanyň Prezidenti: 2019-njy ýyl oňat ýyl boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, onuň Watanymyz üçin oňat ýyl bolandygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň jemleri barada durup geçip, Halkara Pul Gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde dünýäde ykdysady çökgünligiň başlanan wagtyndan bäri ösüş depgini...

31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi

Täze ýyl baýramy mynasybetli 31-nji dekabr Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi. Dynç gününi geçirmek hakynda degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky dynç güni 31-nji dekabra — sişenbe gününe geçirilýär. 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynyň iş tertibini hepdäniň sişenbe gününiň iş tertibine laýyklykda bellenildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine...

2014