Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük...