Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň kärhanalarynyň geçen 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Serdar Gubaýewe söz berdi. Onuň çykyşynda ýurdumyzyň ykdysady we sosial ösüşine ýaramaz täsir edýän korrupsiýa we düzgün bozmalara garşy göreş...