Yug-Neftegaz Private Limited singapur kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama esasynda 2020-nji ýylda Türkmenistandaky taslama $70 million maýa goýar. Bu barada 24-25-nji fewralda Dubaýda (BAE) geçirilen  «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» halkara maslahatynda bellenilip geçildi. Foruma dünýäniň 40 döwletinden 113 sany iri kompaniýalaryndan 300 sany wekil gatnaşdy. Çäräniň maksady – Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary...