Habarlaryň arhiwi ()

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 67-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93 («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap...

Nebitiň bahalary maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlylygyň artmagy netijesinde anna güni nebitiň bahalary aşaklaýarlar. Muňa garamazdan, maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler. Interfaksyň habar bermegine görä, «Brent» söwda belgili nebit şu aýda 39 göterim, «WTI» bolsa 76 göterim gymmatlady. «Brentiň» iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 34,96 dollara deň bolup, deslapky söwda sessiýasyndakydan 0,94 göterim aşak düşdi. Penşenbe gününiň netijeleri boýunça...

Ukraina «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen tebigy gazyň import mümkinçiliklerine seredýär

Ukraina «Günorta gaz geçelgesiniň» (GGG) ikinji we üçünji nobatdakylarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Ýewropa bazarlaryna iberilýän tebigy gazyň importynyň mümkinçiligine seredýär. Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Ukrainanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi Sergeý Ştelýuk belledi. Ol Ukrainanyň GGG-niň Konsultatiw geňeşiniň işini  goşulmagynyň bu ugurdaky ilkinji ädim bolup biljekdigini ýatlatdy. Ştelýukyň belleýşi ýaly, GGG taslamasynyň...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

27-nji maýda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezidentler ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, türkmen tebigy...

«Total» kompaniýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti S.Mişel...

Lebap welaýatyndaky «Zerger» AÝGB-de abatlaýyş işleri başlandy

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň gurluşykçylary AÝGB-leri abatlamak we täzeden meýilnamalaşdyrmak, abatlamak, ýangyç we çalgy ýaglaryny saklamak üçin dik göwrümleri gurmak boýunça işleri toplumyny amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda şeýle işler Lebap welaýatynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» kärhanasynyň «Zerger» şahamçasynda amala aşyrylýar. Gurluşyk-abatlaýyş işleri ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. Kärhananyň tejribeli...

Çeleken ýarymadasy: nebit önümçiliginiň möçberleri artýar

Çeleken ýarymadasynyň ýerastynda «gara altynyň» düýpli möçberleri saklanýar. Bu gymmatly çig malyň çykarylyşyny «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrýar. Iň häzirki zaman tehnikalarynyň we tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde müdirligiň nebitçilerine ýakyndan ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda «gara...

«Türkmengaz» DK we «Mitsubishi» kompaniýasy nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Geçen anna güni «Türkmengaz» döwlet konserninde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr. Nebitgaz senagatynda...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Belizden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosinini we awtobenzini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, BAE-den, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan we...

«Türkmengaz» Gyýanlydaky polimer zawodyň önümçiligini diwersifikasiýalaşdyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserni Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy meýilleşdirýär. Maý aýynda konsern bu zawodda izobutan önümçilik blogyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. «Türkmengaz» şu ýylyň mart aýynda bu kärhanada tebigy gazyň peýdalanylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerine ilkinji gezek halkara bäsleşigini yglan etdi. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizlen bu toplumyň önümçilik kuwwatlygy ýylda 5 milliard kub...

Hytaýyň ýaramaz yşaratlarynyň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» 34,4 dollara çenli aşak düşdi

Alty hepdeden bäri iň ýokary görkezijisine ýeten nebitiň bahalary anna güni ýene-de aşaklaýar, diýip Interfaks habar berýär. Hytaýyň koronawirus epidemiýasy zerarly jemi içerki önüminiň ösüş depgini üçin 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maksatlaýyn görkeziji bellemejekdigi baradaky habary bazara ýaramaz täsir etdi. Mundan başga-da, HHR-niň Gonkongyň milli howpsuzlygy barada kanunçylyk namasyna gaýtadan seretmek isleýändigi baradaky beýanatyndan soň...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary: ugur önümleri eksport etmek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutany ýene-de bir gezek bu babatda durup geçdi we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu wezipäni çözmekde nebitgaz senagatyna möhüm orun degişlidir. Netijede, Türkmenistanyň...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlar artýar

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak üçin düýpli maliýe serişdeleri bölünip berilýär, ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna goýulýan maýalaryň möçberi artdyrylýar. 2020-nji ýylyň dört aýynda ýangyç-energetika toplumy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 3,735 milliard manatdan gowrak boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 milliard dollar köpdür. Jemläp...

Hytaý energiýa sarp edilişiň öňki tertibine tiz dolanmaga umyt edýär, OPEC bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär

Hytaý COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyndan öňki ýagdaýdaky energiýa sarp edilişiniň tertibine gysga wagtda dolanmaga umyt bildirýär, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin OPEC bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär. Bu barada OPEC-iň baş sekretary Mohammed Barkindo Hytaýyň Milli energetika edarasynyň ýolbaşçysy (National Energy Administration) Žan Žanhua bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça habar berildi, diýip Interfaks belleýär. Žan Žanhuanyň belleýşi...

«Türkmennebitönümleri» BM-niň «Gubadagnebit» kärhanasy: durnukly we ygtybarly iş

2020-nji ýylyň dört aýynyň netijeleriniň görkezişi ýaly, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Gubadagnebit» kärhanasynyň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini nebit önümleri bilen durnukly we ygtybarly ýagdaýda üpjün edýärler. Kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda — bökdençsiz önümçilik işjeňligini, işgärleriň howpsuz zähmet şertlerini üpjün etmek, ilaty awtomobil ýangyjy bilen durnukly üpjün etmek, AÝGB-da we ammar desgalarynda ýangyn howpsuzlyk inwentarynyň toplumynyň dolulygyny...

2014