Täzelikler

ABŞ nebitiň bahalaryny durnuklaşdyrmak maksady bilen G20-de Saud Arabystanyna ýüzlenmek isleýär

G20 duşuşygynyň öňýanynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Er-Riýady «ýagdaýdan has belentde bolmaga» we dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin tagallalar etmäge çagyrdy. The Wall Street Journal neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp habar berşi ýaly, ABŞ penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde geçiriljek G20 duşuşygynda nebitiň önümçiligini çäklendirer ýaly Saud Arabystanyna basgy basgy etmek isleýär, diýip Interfaks habar berýär. Sişenbe güni...

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bazarynda çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde ösen tejribäni, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek toplumyň pudaklarynyň öňünde...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik de döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmen Lideri owgan kärdeşini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow...

Himiýa instituty gaz kükürdünden peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny hödürlediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri «Türkmengaz» döwlet konsernine ýurdumyzyň nebitgaz känlerinden alynýan tebigy kükürdi utilizasiýa etmegiň we senagat taýdan peýdalanmagyň innowasion usullaryny teklip etdiler. Alymlar tarapyndan gazy çykarmagyň ikinji derejeli önümlerinden, şeýle hem bu mineralyň senagat taýdan gaýtadan işlenmesiniň galyndylaryndan modifisirlenen kükürdi almagyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Tebigy gazyň çykarylyş...

«Türkmengeologiýa» Gyzylgaýa ýatagynda demir magdanlarynyň goruny anyklamak boýunça işler barada hasabat berdi

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda metallurgiýa zawodyny gurmak üçin ýerli çig mal gorlaryny anyklamak boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde demir magdanlaryna geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, korporasiýanyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndan demir magdanlarynyň maddy we himiki...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de nebit ýol bitumyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň dizel ýangyjyny satyn aldylar. Russiýanyň we BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň polipropilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da,...

«Mawy kenar» Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynda eko-taslamany durmuşa geçirýär

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen sergisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary ýurduň içinde bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan önümlerini we hyzmatlaryny hödürlediler. Şol sanda, sergä gatnaşyjylar hususy kompaniýalaryň ekologiýa we nebitgaz ulgamlarynda innowasion taslamalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Nebitden hapalanan topragy arassalamak bilen meşgullanýan «mawy kenar» bilelikdäki kärhanasynyň diwarlygy hem...

WTI-niň bahasy ýokarlanmagyny dowam edýär, «Brent» 26,33 dollara çenli gymmatlady

Düýpli aşaklamdan soňra anna güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär. Interfaks agentliginiň habar berşi ýaly, «WTI-niň» bahasy penşenbe güni rekord dereje – 24 göterim ýokarlandy. Bu ýokarlanma ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Strategik nebit goruna (Strategic Petroleum Reserve, SPR) 30 mln barrel nebit satyn almak baradaky görkezmesinden soň amala aşdy. ABŞ beýle etmek bilen amerikan bazarynda bahalary...

Baha söweşinde Er-Riýadyň nobatdaky ädiminden soň, «Brent» 25 dollardan aşak düşdi, WTI 20 dollara geldi

Saud Arabystanynyň Russiýa bilen baha söweşindäki nobatdaky ädimi nebit bahalarynyň gaýtadan aşaklamagyna getirdi. Çarşenbe güni «Brentiň» bahasy 14,7 göterim aşaklap, 24,52 dollara deň boldy. Bu görkeziji 2003-nji ýyldan bäri iň aşak görkezijidir, diýip Interfaks habar berýär. MarketWatch-yň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda uly bolmadyk kadalaşma bolup geçdi – barrel 25,94 dollar (aşaklama 9,7 göterim). Çarşenbe güni Saud Arabystanynyň...

Hazarda 60 mln tonna nebit gory bolan kän açyldy

SOCAR we Norwegiýanyň Equinor kompaniýasy Hazar deňziniň azerbaýjan böleginde Bakudan 120 km gündogarda «Karabah» nebit käniniň açylandygyny tassyklady, diýip Trend SOCAR-a salgylanyp habar berýär. Habar berlişi ýaly, Karabah käninde ilkinji barlag guýusynyň burawlanmagy 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda başlandy. Ol «Dede Gorgud» ýüzýän buraw desgasy bilen 180 metr çuňlukda burawlandy. Käniň öndümli plastlary 3,4 km çuňlukda ýerleşýär....

«Türkmen Senet» HJ ýerli polirpopilenden dokma däl materiallaryň önümçiligini ýola goýdy

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Türkmen senet» Hojalyk Jemgyýetiniň önümçiligini ýola goýan dokma däl önümleriniň täze görnüşleri üçin esasy çig mal boldy. Täze önüm Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň gazananlarynyň sergisinde hödürlenildi. Sergi 17-18-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, TSTB-niň 200-den gowrak agzasyny özünde jemledi. Öň gurluşyk meseleleri...

Ýangyç-energetika toplumy AÖB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň üns merkezinde

Uglewodorodlaryň bazarynyň diwersifikasiýasy we energiýa söwdasyna ýardam etmeklik Aziýa ösüş bankynyö Türkmenistan bilen geljek üç ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar. Bu AÖB-niň 2020-2022-nji ýylllarda Türkmenistan üçin ýurt meýilnamalarynyň işewür meýilnamasynda çap edildi. Goldaw bermegiň beýleki ugurlarynyň hatarynda bazarlaryň arabaglanyşygyny gowulandyrmak we hususy pudagy ösdürmek üçin ulag infrastrukturasyna maýa goýumlaryň hasabyna uglewodorod däl toplumlaryň...

Bilermenler nebite bolan islegiň taryhda iň düýpli aşaklajakdygyny çaklaýarlar

Köp sanly ýurtlarda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän adatdan daşary göreş çäreleriniň netijesinde 2020-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg taryhda iň düýpli aşaklama ýagdaýyna gelip biler, diýip Interfaks Bloomberg agentligine salgylanyp habar berýär. «Saparlara gitmäge gadaganlyk, öýde galyp işlemek, ýatyrylan zähmet rugsatlary we ibermeleriň arasynyň bozulmagy — bu zatlaryň ählisi gönüden göni ýangyja bolan islegiň azalmagyna...

«Gazprom» Hytaýa barýan «Sila Sibiri» gaz geçirijisini 1-nji aprele çenli arassalaýyş işleri üçin togtatdy

«Sila Sibiri» magistral gaz geçirijisi arassalaýyş işleri üçin iki hepdelik togtadyldy, diýip «Gazpromyň» Maglumatlar müdirliginde žurnalistlere habar berdiler. Bu barada Interfaks belleýär. «Bu günki gün Moskwa wagty bilen sagat 5:00-da «Sila Sibiri» gaz geçirijisinde profilaktika işleri başlandy. Bu işleri 1-nji aprele çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. «Işleriň geçirilmeli möhletleri «Gazprom» we CNPC tarapyndan ylalaşyldy. Taraplaryň öňden ylalaşygy...

Prezident «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» sergisini we maslahatyny ýokary derejede gurnamagy tabşyrdy

Häzirki wagtda 28 — 30-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly sergä we maslahata taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisinde hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly...

2014