Täzelikler

Ýurduň nebit pudagy — ösüş ýolunda

2016-njy ýylyň geçen 9 aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni nebit känlerini özleşdirmekde ýokary netijeler gazandylar. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, konserniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny üpjün edýän çig nebitiniň möçberi artdyryldy, Hazaryň türkmen böleginiň kenarýakalarynda ýerleşýän çäklerinde geologiýa gözleg işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe käniniň demirgazyk-günbatar böleginde...

TNGIZT-niň işgärleri üçin jaý ulanyşa girizildi

Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň dabarasynyň öňüsyrasynda deňizýaka Türkmenbaşy şäherinde ýokary amatlykly 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanyşa girizildi. Dabaraly ýagdaýda jaýyň täze eýelerine iki, üç we dört otagly öýleriň açarlary gowşuryldy. Jaý Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgazgurluşyk» tresti tarapyndan guruldy. Ýokary amatlykly öýlerde giň dälizler, ýagty myhman...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny we nebit koksyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalary, ýorgan-düşek toplumy,...

Türkmenistanda TOPH taslamasynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Bu barada maglumat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýewiň şu ýylyň 9 aýynda nebitgaz toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri baradaky hasabatynda aýdyldy. Mejlisiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz magistralyny we beýleki gaz arteriýalaryny gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. TOPH magistralynyň türkmen...

Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depgini saklanýar

2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim artdy. Bu barada ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda—1,3 göterim, gurluşykda — 4,5 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda—10,1...

“Goý, berkarar Watanymyz mundan beýläk hem gülläp össün!”

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri...

Türkmen-owgan serhediniň golaýynda nebit önümleriniň üstaşyr terminalynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Häzirki wagtda kömekçi we dolandyryş binalary, dik metal sisternalary, tehniki ulgamlar, germewler, suwgeçiriji we elektrik ulgamlar gurlup taýýar edildi, ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy. Nobatçy operatorlaryň binasynyň gurluşygy tamamlandy. Bu ýerde hünärmenler...

BB 2017-nji ýylda nebitiň bahasy boýunça çaklamasyny barrel üçin 55 dollara çenli artdyrdy

Bütindünýä banky 2017-nji ýylda nebitiň bahasy boýunça çaklamasyny barrel üçin öň garaşylan 53 dollarlygyndan barrel üçin 55 dollara çenli artdyrdy, diýip Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna esaslanyp РИА Новости habar berýär. Öz içine nebitiň, tebigy gazyň we kömüriň bahasyny alýan energiýa geçirijileriň bahasy çaklamalara görä, geljek ýyl 25 göterim ýokarlanar. Şu ýyl üçin nebitiň bahasy boýunça çaklama ortaça...

Dünýäniň nebit bazarynda dört ýyldan ýetmezçilik döräp biler – BP

Dünýäniň nebit bazarynda dört ýyldan ýetmezçilik döräp biler, diýip dünýäniň iri nebitgaz kompaniýasy BP –niň BP Russiýa rus bölüminiň wise-prezidenti Wladimir Drebensow РИА Новости agentligine beýan edýär. « Dünýäniň nebit bazarynda dört ýyldan ýetmezçilik döräp biler. Maýa goýum kompaniýalarynyň meýilnamalaryny çäklendirmegi sebäpli 2014-2016-njy ýyllarda näçe maýa goýumlaryň durmuşa geçirilmelidigini bilýäris. Bular soňa goýlan taslamalardy. Bu taslamalaryň...

Aşgabady gurmagyň 14-nji tapgyrynyň dabaraly açylyşy boldy

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady gurmagyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we G.Ezizow köçeleriniň aralygynda bina edilen täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde iki hatarda ak mermerli belent jaýlaryň - 12 gatly 44 we 66 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si peýda boldy. Olar birinji gatlarynda senagat we azyk...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany — 2016-njy ýylda üçünji sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sanynyň esasy temasy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin güýçli itergi beren döwletiň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka bagyşlandy. «Beýik üstünliklere beslenen çärýek asyr» atly makalada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulularyň...

HWG 2021-nji ýyla çenli nebitiň bahalarynyň barrel üçin 60 dollardan ýokarlanmajakdygyny çaklaýar

HWG 2021-nji ýyla çenli nebitiň bahalarynyň barrel üçin 60 dollardan ýokarlanmajakdygyny çaklaýar. Gaznanyň analitikileriniň pikirine görä, nebitiň ortaça bahasy 2017-nji ýylda barrel üçin 51 dollara çenli ýokarlanar. HWG-niň geçen gezekki çaklamasyna laýyklykda, 2021-nji ýyla çenli bahalar barrel üçin 50 dollardan geçmeli däldi. Beýanda şeýle hem şu ýyl barrel üçin 43 dollarlygyndan 2017-nji ýylda barrel üçin ortaça...

Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilen – «Çalyk Enerji» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk

Ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin iň amatly şertleriň döredilýär. Bu barada «Çalyk Enerji»  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk Aşgabadyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak taslamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň toplumynyň 18-nji oktýabrda açylyş dabarasynda beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda energetika düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän yzygiderli çäreler elektrik energiýasynyň önümçiliginiň artmagyny hem-de...

«General Electric» mundan beýläk hemTürkmenistanda iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyny dowam eder – wise-prezidenti Rikardo Kordoba

Türkmen paýtagtyny energiýa bilen ygtybarly üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada «General Electric Power»  amerikan kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA döwletleri we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti Rikardo Kordoba Aşgabadyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak taslamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň toplumynyň 18-nji oktýabrda açylyş...

Energetika pudagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösmeginiň esasy bolup durýar

Energetika pudagy ýurdy senagat taýdan ösdürmegiň esasy bolup durýar, diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt»  dolandyryş merkeziniň açylyşynda sözledi. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda 14 sany gaz turbinaly elektrik stansiýasyny, elektrik geçiriji ulgamlary we paýlaýjy beketleri gurmak göz öňünde tutulýar. Häzire çenli Ahal, Lebap...

2014