Täzelikler

ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary barada API-niň berýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahasy ýokarlanýar

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-nyň «gara altyn» ätiýaçlyklary baradaky statistikasynyň maglumatlaryny getirmegi bilen nebitiň dünýä boýunça bahalary çarşenbede ýokarlanýar, muňa söwdalaryň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. 07.08 wagt bilen Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,93 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 52,16 dollara ýetdi. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,95...

Aşgabatda «General Electric» kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «General Electric» amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. «General Electric» — möhüm energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň uzakmöhletli hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda gurlan we ulanmaga berlen elektrik beketleriniň we beýleki energiýa desgalarynyň birnäçesi, şol sanda paýtagtymyzdaky täze transformator podstansiýalary şu kompaniýanyň öndüren kuwwatly gazturbina desgalary...

Golaýdaky aşaklamadan soňra üýtgetmeleriň çäklerinde nebitiň bahasy ýokarlanýar

Nebitiň dünýä boýunça bahalary golaýda bolan aşaklamadan soňra sişenbe güni ýokarlanmagyny dowam edýär. Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEK-iň gazanan ylalaşygyna bolan şübhe «gara altynyň» bahasynyň çalt ýokarlanmagyndan saklaýar, muňa söwda-geleşikleriniň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy 0,60 göterim ýokarlanyp – bir barreli 51,83 dollara barabar boldy....

Eýran Ýewropanyň gaz bazarynda bäsdeşlik etmegi meýilleşdirmeýär

Eýran Ýewropanyň gaz bazaryndan Russiýany gysyp çykarmagy maksat edinmeýär. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň gaz çykarmak meseleleri boýunça orunbasary, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki beýan etdi. Bu barada Russiýanyň nebitgaz habarlar agentligi habar berýär. «Eýran ýewropa bazarlaryna suwuklandyrylan tebigy gaz arkaly çykmagy meýilleşdirýär, Russiýa bilen bäsleşmek ýa-da bu bazarda onuň ornuny almak...

Türkmenistanyň Mejlisi iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak boýunça Germaniýa bilen ylalaşygy tassyklady

«Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Karar Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda kabul edildi. Habar berlişi ýaly, Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda hökümetara ylalaşyk Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 29-30-njy...

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahaty geçiriler. Maslahata görülýän taýýarlyk barada Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew geçen hökümet mejlisinde Prezidente hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, däp bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçiriljek maslahata Türkmenistandan we birnäçe daşary ýurtlardan DTYB-niň agzalary gatnaşar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň birleşdiriji...

Türkmenistanyň Mejlisi Prezident saýlawlarynyň senesini 2017-nji ýylyň 12-nji fewraly diýip kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlary 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriler. Bu sene Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny bellemek hakynda»  Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda halk deputatlary tarapyndan kesgitlenildi. Bu möwsüme ilkinji gezek partiýalaryň üçüsi, has takygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da Senagatçylar we telekeçilik partiýasy hem-de Agrar partiýasy we raýatlaryň topary gatnaşar. 2017-nji ýylda geçiriljek...

26-27-nji noýabrda ulag ulgamy boýunça Aşgabat maslahatynyň çäklerinde halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gol çekmek meýilleşdirilýär

26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynda birnäçe halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna, jemleýji resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Foruma görülýän taýýarlyk barada geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi. Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň ugurdaş düzümleri, şol sanda Ykdysady we durmuş meseleleri...

Geçen hepdäniň birža täzelikler

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Hytaýly we owganystanly işewürler tehniki ýody we...

Türkmenistan we Bütindünýä banky maliýe we makroykdysady ulgamlarda geňeş hyzmatlaryny bermek hakynda ylalaşdylar

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda  maliýe we makroykdysady ulgamlarda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Gol çekmek dabarasy Waşingtonda Bütindünýä bankynyň toparynyň Dolandyryjylar geňeşiniň we Halkara walýuta gaznasynyň her ýylda bolýan mejlisiniň çäklerinde geçdi. Bu resminamada geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler işewürlik ugrunyň özgerdilmegine we bank pudagynda köpçülikleýin dolandyryş usulyna goldaw bermäge, karz...

OPEK 2016-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny bir günde 10 müň barrele çenli artdyrdy

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2016-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny bir günde 10 müň barrele çenli artdyrdy, diýlip OPEK-iň oktýabrdaky dokladynda aýdylýar. Täzelenen çaklama laýyklykda 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2016-njy ýylda nebite bolan isleg 1,24 million barrel artar. Şunuň bilen birlikde 2016-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg sentýabrdaky çaklama bilen deňeşdireniňde günde...

YÖB TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 700 million amerikan dollary möçberinde karz berýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Yslam ösüş banky bilen TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegini gurmagyň taslamasyny ABŞ-nyň 700 million dollary möçberinde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga gol çekdi. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda habar bermeklerine görä, bu waka 2016-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Waşingtonda (ABŞ) Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisiniň barşynda bolup...

Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan forum geçirildi

Şu gün Türkmenistany nebitgaz toplumynyň Aşgabatdaky medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «Nebit, gaz – meniň genji-hazynam, Garaşsyzlyk – meniň ganatym hem baky guwanjym!» atly forum geçirildi. Maslahat «Türkmennebit» döwlet konserni we «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ tarapyndan gurnaldy. Forumyň çäklerinde maslahat geçirildi. Onda «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň,...

OPEK nebit bazarynda ýakynda wagtda durnuklylygyň gazanylmagyna garaşýar

OPEK öz çözgütleriniň nebitiň ammarlarda saklanýan ätiýaçlyklarynyň tiz wagtda azalmagyna we bazarda isleg bilen teklibiň deňagramlaşmagyna ýardam etmegine garaşýar, diýip guramanyň baş sekretary Muhammet Barkindo Stambulda geçirilen XXIII Bütindünýä energetiki maslahatynda eden çykyşynda aýtdy, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. Baş sekretaryň belleýşi ýaly, Alžirde gazanylanlar diňe bir OPEK ýurtlarynyp içinde däl, eýsem oňa girmeýän...

Aşgabatda geçirilen Türkmen-tatar işewürler maslahatynda 2019-njy ýyla çenli hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi Aşgabatda geçirilen türkmen-tatar işewürler maslahatynyň möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy. Tatarystanyň wekiliýetiniň düzümine hökümet düzümleriniň, pudaklaýyn ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň we täjirçilik...

2014