Täzelikler

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Şweýsariýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Ukraina ýaly ýurtlardan gelen...

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary Nýu-Ýorkda gepleşikleri geçirdiler

Energetika, ulag we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek meseleleri Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Elmar Mamedýarow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň özenini düzdi, diýip Trend habarlar agentligi Azerbaýjanyň DIM-ne salgylanyp habar berýär. Duşuşyk Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmaklygyň çäklerinde bolup geçdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň...

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine geldi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýeti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny beýan eder, diýlip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we pugtalandurmak, durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we...

Türkmenistan günbatar ugra gaz ibermek üçin infrastrukturasyny taýýarlaýar

Türkmenistanyň Mary welaýatynda gazkompressor bekediniň (GKB) gurluşygyna başlandy, diýlip Azerbaýjanyň Trend habarlar agentliginiň penşenbede ýaýradan habarynda aýdylýar. Şeýle hem bu GKB-niň 2015-nji ýylda ulanyşa girizilen we günbatar ugurda hem eksport harytlaryny ibermäge mümkinçiligi bolan içerki «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin gurulýandygy barada bellenilýär. Magistralyň bütin dowamynda GKB-leriň ýedisi gurlar: beketler üçin esasy enjamlary Dresser-Rand S.A. kompaniýasy getirer. «Türkmengaz»...

AÖB Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalalaşdyrylmagyny goldaýar – Takehiko Nakao

Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) prezidenti Takehiko Nakao Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda hökümetiň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalaryny goldaýandygyny beýan etdi, diýlip AÖB-niň pres-relizinde aýdylýar. AÖB-niň pikirine görä, Aşgabadyň bu syýasaty ýurduň uglewodorod toplumyny baglylygyny azaltmaga we ilatyň barha artýan zähmete ukyp bölegini iş bilen üpjün etmäge ýardam eder. Şeýle hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy goldamak boýunça AÖB...

Türkmenistanda Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda hökümetara derejesinde Tatarystanyň Prezidenti (RF) Rustam Minnihanowyň Türkmenistana boljak iş saparynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýlip türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, duşuşyk Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň söwda we senagat ministriniň birinji orunbasary jenap Ruslan Kabirow bilen geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn...

AÖB Türkmenistanyň energetik we ulag taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmagyny dowam eder

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao bankyň mundan beýläk hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän energetiki howpsuzlygyny üpjün etmäge we täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge gönükdirilen taslamalara maliýe goldawyny dowam etdirjekdigini beýan etdi. Döwlet Baştutany Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Tranzaksion Geňeşçisi hökmünde çykyş edýändigini kanagatlanma bilen...

YÖB TOPH gaz geçirijisini maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karz berýär

Yslam ösüş banky TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşar. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Mälim bolşy ýaly,...

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin täze desgalar

Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesinde «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin gazkompressor bekediniň gurluşygy başlandy. Täzesi gurlup bolandan soňra «Döwletabat-Derýalyk» turba geçirijisiniň üsti bilen hereket edip gelýän «Şatlyk» gaz kompressor bekedi tebigy gazy Daşoguz welaýatyna iberer. Häzirki wagtda «Türkmengaz» DK-nyň ulgamlaýyn düzümi bolan «Türkmengazakdyryş» Birleşiginiň buýurmasy boýunça «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň güýji bilen ýer işleri alnyp barylýar. Kompressor bekedinden başga-da bu...

Türkmenistanyň nebitgaz konsernleriniň hukuk derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolara laýyklykda, «Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernlerine ýurduň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berildi. Ýerli HBS-lerde 2008-nji ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen, Prezident Gurbanguly berdimuhamedowyň gol çeken «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna Üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» türkmenistanyň Kanuny neşir edildi. Mälim bolşy ýaly,...

«TNG – 2016» nebitgaz maslahaty dekabrda geçiriler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» (TNG – 2016) halkara maslahaty 7-9-njy dekabrda Aşgabatda geçiriler. Forumyň guramaçysy bolup «Türkmennebit» döwlet konserni çykyş edýär, onuň ýardamçysy hökmünde pudaklaýyn çäreleri geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Summit Trade Events britan kompaniýasy çykyş edýär. Öň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara maslahatynyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň nebit we gaz...

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy giň gerim alýar

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy «Türkmennebitgazgurluşyk» öwlet konserni tarapyndan  ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Gurluşykda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap, ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanylýar. Bu konserniň gurluşyk düzümleri gaz geçirijiniň guluşygy bilen birlikde geçirijiniň geçýän ugruny tekizlemek, arassalamak, gözegçilik ýoluny gurmak işlerinem alyp barýarlar. Mundan başga gaz geçirijiniň gapdalyndan gurulýan gözegçilik ýolunyň gurlyşyk işleri...

General Electric Power kompaniýasynyň tehnologiýalary tebigy gazdan rejeli peýdalanmagy üpjün eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň dünýä belli General Elektriс Power kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA ýurtlary we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba hem-de Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň elektrik energetika düzümini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap işläp...

Hazaryň hukuk derejesi ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalarynyň hatarynda - The Heritage Foundation

Sowet Soýuzy darganyndan soňra Hazar deňziniň hukuk derejesi babatda jedeller tamamlananok we bu çekişmeleriň netijeleri ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalaryna düýpli täsir edip biler – diýlip, Merkeziň direktory Duglas we Sara Ellisonyň, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk we daşary syýasat institutynyň hünärmeni Lýuk Koffiniň The Heritage Foundation-da neşir edilen makalasynda aýdylýar. Bu barada Azerbaýjanyň Trend täzelikler agentligi habar berýär. Makalanyň...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝET-da taýýar önümleri öndürmeklige üns çekdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde taýýar önümleriň önümçiligini artdyrmak wezipesini goýdy. Bu barada döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji sentýabrda bolup geçen bilelikdäki mejlisinde beýan etdi. «Biz çig maly daşary ýurtlara ibermän, ony gaýtadan işläp, taýýar önümleri öndürmegiň depginlerini has-da güýçlendirmeli. Şeýle etmek bilen, biz uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryny geljekki...

2014