Täzelikler

Aşgabatda Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr ulgamyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Üstaşyr ýükleri daşamaklygy kämilleşdirmek we BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ýurtlarynda ulag infrastruturasyny ösdürmek ýaly meseleler Aşgabatda geçirilen durnukly ulag, üstaşyr ulag we aragatnaşyk boýunça tematiki iş toparynyň 21-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň işine SPECA-nyň agza ýurtlary bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň hem-de Aziýa...

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugyna üstaşyr ýükleri düýpli gözden geçirmekligi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugyndan işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, Türkmenistanyň çäginden geçýän ýüklere ykjam gözegçiligi guramak işine öňdebaryjy halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi. Bu mesele Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde gozgaldy. Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna ýüzlenmek bilen döwlet Baştutany Gullugyň üstüne ýüklenen işiň möhümdigi barada aýdyp, häzir Türkmenistana...

Wenada türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň meseleleri Wenada geçen türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy, diýlip türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär. Toparyň awstriýa böleginiň bilelikdäki başlyklyk edijisi Awstriýanyň ykdysadyýet, ylym we gözlegler boýunça Federal ministriniň daşary ykdysady syýasaty we Ýewropa integrasiýasy boýunça orunbasary Bernadett Girlinger bolup durýar, diýlip bellenilýär. Mejlisiň barşynda...

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň taslamalary maslahatlaşyldy

Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag we senagat pudaklarynyň wekilleri girýär. Mejlisde...

Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda TOPH gaz geçirijisiniň orny nygtalyp geçildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde «Sebitleýin düzümler» (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň pres-relizinde habar berilýär. Öz düzüminde 14 sany gatnaşyjy ýurtlary şeýle hem özüniň gün tertibini goldaýan 16 sany ýurdy we 12 sany sebit hem-de...

«Nebit-Gaz» gazetine 5 ýyl boldy

Bu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn gazeti bolan «Nebit-Gaz» gazeti ilkinji ýubileýini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli karary esasynda bäş ýyl mundan öň bu döwürleýin neşiriň ilkinji sany çap edildi. Şol wagtdan bäri her hepde neşir edilýän bu gazetde diňe bir nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn täzelikleri we taslamalary barada gürrüň berilmän, eýsem ýurdumyzda we dünýäde...

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisinde germewleri kebşirlemek işleri tamamlanýar

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň töwereklerinde, şeýle hem Aşgabadyň golaýlarynda häzirki wagtda hereket edýän «Şatlyk-Abadan» gaz geçirijisi bilen germewleri kebşirlemek işleri tamamlanyp barýar. Öňräk Bamy (Ahal welaýaty) töwereklerinde we Balkan welaýatynda germewleri gurnamak işleri tamamlandy. Mary welaýatyndaky «Şatlyk» gaz käninden gözbaş alýan, uzynlygy 700 kilometre, kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr gaza barabar bolan...

Türkmen hünärmenleri “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň çagyryşy boýunça Koreýada boldular

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda Koreýanyň “Hyundai Engineering” kompaniýasy tarapyndan “Kebşirleýji tehnologiýalaryň okuw merkezi” açyldy. Bu merkez gurluşyk tokaýlary we kebşirleýji işleri üçin hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilip, ol taslamalaryň has-da netijeli amala aşyrylmagyna ýardam berer. Koreýanyň gurluşyk tejribesi bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanda açylan “Kebşirleýji tehnologiýalaryň okuw merkeziniň” 3 sany tapawutlanan hünärmenleri, ýagny Farahat Maduarow, Döwlet Hudaýnazarow,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Owganystanly işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninle öndürilen “B” kysymly karbamide isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we...

Türkmenistan we Türkiýe ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan bilen üstaşyr-ulag ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy iki ýurduň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan  ulaglaryň ähli görnüşleriniň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri geçirmek bilen...

Gaz bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreler

Güýzki-gyşky ýyladyş möwsüminiň golaýlaşmagy bilen baglanyşykly «Türkmengazüpjünçilik» birleşigini gaz bilen baglanyşykly howply hadysalaryň öňüni almak boýunça barlag işlerini geçirýär. Gaz ulanmak bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň, hojalyk hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen «Türkmengazüpjünçilik» birleşigine degişli bolan hojalyk kärhanalary ilat arasynda «mawy ýangyjy» tygşytly hem-de howpsuz peýdalanmak boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Ýerasty, şäherara geçýän gaz turbalarynyň ähli...

Türkmenistan we Katar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman bin Jassim Al-Tanini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde nebitgaz pudagy görkezildi. Türkmen Lideriniň we onuň myhmanynyň belleýşi ýaly, ýurtlaryň ikisi hem ykrar edilen energetika ýurtlar...

«Gündogar-Günbatar» magistral gaz geçirijisinde elektrohimgorag boýunça işler geçirilýär

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisinde 300 kilometrden gowrak elektrik geçiriji liniýalar kebşirlenildi. Bu işlerden soňra gaz geçirijiniň bütin dowamynda 40 sany elektrohimgorag katod beketleri oturdylar. Katod goragy ýerasty metal gurluşlary poslama garşy elektrohimiki gorag usullarynyň giň ýaýranlarynyň biridir. Munuň üçin baş potratçy —«Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň hünärmenleri turba geçirijiniň belli bir bölegini barlag-ölçeg kolonkalarynyň otrisatel polýuslaryna birikdirerler, katod bekediniň položitel...

Türkmen-german işewürler maslahaty hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Berlinde Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri ylalaşdylar, söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň has bähbitli ugurlaryny kesgitlediler. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we möhüm pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. German tarapyndan duşuşyga Federal ykdysadyýet we energetika  ministrliginiň, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň,...

Lebap welaýatynyň Kerkiçi şäherçesinde täze AÝGS gurulýar

Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Kerkiçi şäherçesinde täze awtomobil ýangyç guýujy stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Awtomobil söýüjiler üçin möhüm ähmiýetli bu desgany «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygynda duran gurluşyk-gurnama müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri gurýarlar. Awtomobilleri ýeterlik ýangyç, çalgy ýaglary hem-de tehniki hyzmat bilen üpjün etmek sebitiň ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şeýlelikde, täze stansiýa...

2014