Täzelikler

Sanly tehnologiýalar nebit çykarylyşa ornaşdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar nebiti gözlemek, känleri işläp taýýarlamak we nebiti çykarmak prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda sanlylaşdyrmaklyk konserniň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylýar, bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen tehnologiki we önümçilik diwersifikasiýasy üçin esas bolup durýar. Önümçiligiň netijeliliginiň ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin hünärmenler optiki-süýümli geçirijileriň kömegi bilen DK-nyň Balkanabatdaky ähli bölümçelerini işlenip...

Kükürtli käninde gazyň çykarylyşy artýar

Garagumyň çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli känindäki önümçilik görkezijileri 2020-nji ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijilere ýetdi. Şu ýylyň geçen bäş aýynda tebigy gazyň çykarylyşy 2 mlrd 788 mln inedördül metre ýetdi, bellenilen meýilnama 140 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem 2 müň 584 tonna gaz kondensaty işlenilip, soňrakky gaýtadan işlemek üçin Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän...

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň onlugynda — HEA

Türkmenistan dünýä boýunça benziniň bahasynyň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugyna girýär, diýip Halkara energetika agentligi habar berýär (HEA). Agentligiň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda benziniň dünýä boýunça bahalary 2 göterim aşaklady we 1 litri üçin ortaça 0,91 dollara deň boldy. Geçen ýylyň netijeleri boýunça iň pes görkezijiler Eýranda hasaba alyndy – 1 litri üçin 0,24 dollar, iň...

Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylary bilen ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

17-nji iýunda Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň iri möçberli nebitgaz taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we “Türkmengaz”...

HNGU-da 2020-nji ýylyň uçurymlaryny gutladylar

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda uçurymlary okuwyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar. Bu gün professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem talyplaryň ýakynlary we hossarlary HNGU-nyň myhmansöýer binasyna ýygnandylar. Dabaraly ýagdaýda ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary uçurymlary gutladylar we olara hünär ýolunda üstünlik arzuw etdiler. Mugallymlaryň tagallalary, baý tejribesi netijesinde uçurymlar diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl,...

Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Sişenbe güni Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň...

«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutynda Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy — barlag institutynda Türkmenistanda Ylymlar gününe bagyşlanan «Ylym we bilim ulgamlarynda innowasion tehnologiýalar» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine ylmy, ylmy barlaglary ösdürmek, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we peýdalanmak, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly mowzuklar maslahatlaşyldy. Çärä nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň, tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanalarynyň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik...

«Günorta gaz geçelgesiniň» giňeldilmegi gazy ibermekligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam eder - Ýewrokomissar

«Günorta gaz geçelgesiniň» giňeldilmegi gazy ibermekligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam eder. Ýöne bu bazardaky islege bagly bolar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça komissary Kadri Simson belledi, diýip Trend habar berýär. Simsonyň belleýşi ýaly, «Günorta gaz geçelgesi» Ýewropa Bileleşigi ýurtlary üçin energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin möhüm taslama bolup durýar. «Golaýda geçelge açylar we Hazar deňzinden gaz ÝB...

Innowasiýalar we täze tehnologiýalar «Türkmennebit» bilen «Tatneftiň» netijeli hyzmatdaşlygynyň girewi

«Türkmennebit» döwlet konserni öz işini, esasan, Türkmenistanyň günbatar sebitinde alyp barýar. BU ýerde nebit känleri jemlenendir. Olaryň aglabasy baryp XIX asyryň ahyrlaryndan senagat taýdan ulanylyp başlanypdyr. Bu sebitiň ähli känleri diýen ýaly, çylşyrymly geologiki şerleri bilen häsiýetlendirilýär, köp plastly gurluşa eýe, şol sanda onlarça aýry gorlar bar. Şulary nazara alyp, bu känlerden nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek üçin...

HEA-nyň ýolbaşçylygy bilen onlaýn-duşuşykda hyzmatdaşlygyň ugurlary maslahatlaşyldy

Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda gurnalan duşuşykda halkara bazarlarynyň öwrülişiginde orta möhletleýin we uzak möhletleýin görnüşde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, göni arassalanan benzini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen dürli kysymly polietilen Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Owganystandan gelen täjirleriň söwdasynyň esasyny düzdi. Bulardan başga-da,...

«Abraýly dostlar» HK polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy

«Abraýly dostlar» hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multiflament sapaklarynyň önümçiligini ýola goýdy. Dürli reňkdäki we görnüşdäki ýokary hilli sapaklar Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynda işlenip taýýarlanylýan çig maldan peýdalanylyp öndürilýär. Sapaklary taýýarlamak işi Awstriýanyň SML  kompaniýasynyň döwrebap enjamynda amala aşyrylýar. Taýýar önüm kärhananyň öz barlaghanasynda «ZwickRoell» nemes kompaniýasynyň enjamlarynda, şeýle hem garaşsyz guramalarda yzygiderli hil barlagynda geçirilýär. Iň...

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy gaz ibermelerini hasaba alanyňda 1 milliard dollara ýetdi

Türkmen-russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşi Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň žurnalistler üçin çarşenbe güni 12-nji iýunda bellenilýän Russiýa gününiň öňüsyrasynda geçiren brifinginiň esasy temalarynyň biri boldy. «2019-njy ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 1,5 esse artyp, 695 million amerikan dollaryna, türkmen gazynyň iberilmegini hasaba alanyňda bolsa 1 milliard dollara barabar...

Aşgabadyň 30-njy kiçi etrapçadaky AÝGB-nyň durky täzelenilýär

Aşgabadyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy köçesindäki (30-njy etrapça) awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň durky dolulygyna täzelener. Paýtagtyň AÝGB-ny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýän abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy amala aşyrýar. Şu günler bekediň meýdanyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýangyç saklanylýan gaplar täze ýere geçiriler we ýangyç paýlaýan enjamlaryň sany artdyrylar. Şäheriň iň baýry AÝGB-nyň biriniň...

Nebitgaz känleriniň gözleginiň çäkleri giňeldilýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy nebitiň, gazyň we beýleki tebigy baýlyklaryň täze gorlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geologiýa gözleg işleriniň giň meýilnamasyny durmuşa geçirýär. «Türkmengeologiýa» DK-nyň Lebap welaýat geofiziki ekspedisiýasynyň üstünlikli işiniň netijesinde gözleg-barlag, geofiziki-barlag we beýleki işleriň geografiýasy giňeldilýär. Işleriň şeýle görnüşleri «Türkmeniň Altyn asyry – 3D» seýsmiki partiýasynyň hünärmenleri tarapyndan «Malaý» gaz käniniň çäklerinde geçirilýär. Bu...

2014