Täzelikler

WTL Türkmenistanda ekologiýa gurşawyny goramak nukdaýnazaryndan iş alyp barýar

Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited  kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny...

OPEC+ karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler — Muhammed Arkab

6-njy iýunda OPEC+ ministrleriniň kabul eden karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler, diýip duşenbe güni OPEC maslahatynyň prezidenti, Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab belledi, diýip TASS habar berýär. «OPEC+ ministrleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmegiň häzirki hereket edýän ölçeglerini uzaltmak hakynda geden şenbe güni kabul eden çözgüdi nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip we nebit ammarlaryny dolmagyny haýalladyp biler. Bu...

Bäş aýyň jemine garaldy

8-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş...

Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-maý aýlary boýunça jemleri jemlenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli...

HNGU-nyň selektiw pakerleri nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam eder

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär. Nebitiň çykarylyşyny işjeňleşdirmek maksady...

«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Penşenbe güni Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen...

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary nazary bilimlerini tejribede berkidýärler

Iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işi diňe bilim bermekligi ylmy-barlag işi bilen utgaşykly alyp barmak arkaly mümkindir. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghanalarynda mugallymlar we talyplar tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Uniwersitetiň barlaghanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar we tehnikalar bilen üpjün...

«Mawy ýangyç» Daşoguzyň uzakdaky obalaryna ýetirilýär

«Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» hojalyk edarasynyň gazçylary diňe bir şäherleriň we şäher görnüşli şäherçeleriň däl, eýsem, ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynyň günbataryndaky uzakda ýerleşen obalary hem «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrýarlar. Häzirki wagtda tebigy gaz turba geçirijiler arkaly 21 müň 560-dan gowrak öý hojalyklaryna we edaralara berilýär. Gazçylaryň zähmeti netijesinde «mawy ýangyç» welaýatyň...

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisine gatnaşdy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Türkiýäniň, Finlýandiýanyň,...

Prezident Türkmenistan — Owganystan – Pakistan energiýa geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda duşenbe günni geçiren iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň energetika senagatynyň ösüşiň durnukly ýokary depginini saklaýandygyny we diňe bir ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň...

OPEС+ boýunça oňaýly yşaratlara garaşmanyň netijesinde nebitiň bahalary ýokarlanýar

Nebiti öndüriji döwletleriň Russiýa we Saud Arabystany bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligiň häzirki derejesini 1-nji sentýabra çenli uzaldyp bilmek mümkinçiligi baradaky habarlaryň çäginde nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Interfaks belleýär. OPEC+ ministrleriniň duşuşygy 4-nji iýundan 9-njy iýuna süýşürildi, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi. «Brent» söwda belgili nebitiň awgust boýunça fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni...

TOPH gaz gecirijisiniň türkmen bölegi Owganystanyň serhedine ýetirildi

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu desga polat turbalar bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň türkmen böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 67-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, awtobenzin EKO 93 («Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen), plastik gaplar Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap...

Nebitiň bahalary maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dartgynlylygyň artmagy netijesinde anna güni nebitiň bahalary aşaklaýarlar. Muňa garamazdan, maý aýyny düýpli ýokarlanyş bilen jemleýärler. Interfaksyň habar bermegine görä, «Brent» söwda belgili nebit şu aýda 39 göterim, «WTI» bolsa 76 göterim gymmatlady. «Brentiň» iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 34,96 dollara deň bolup, deslapky söwda sessiýasyndakydan 0,94 göterim aşak düşdi. Penşenbe gününiň netijeleri boýunça...

Ukraina «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen tebigy gazyň import mümkinçiliklerine seredýär

Ukraina «Günorta gaz geçelgesiniň» (GGG) ikinji we üçünji nobatdakylarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Ýewropa bazarlaryna iberilýän tebigy gazyň importynyň mümkinçiligine seredýär. Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Ukrainanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi Sergeý Ştelýuk belledi. Ol Ukrainanyň GGG-niň Konsultatiw geňeşiniň işini  goşulmagynyň bu ugurdaky ilkinji ädim bolup biljekdigini ýatlatdy. Ştelýukyň belleýşi ýaly, GGG taslamasynyň...

2014