Täzelikler

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin täze desgalar

Mary welaýatynyň Şatlyk şäherçesinde «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi üçin gazkompressor bekediniň gurluşygy başlandy. Täzesi gurlup bolandan soňra «Döwletabat-Derýalyk» turba geçirijisiniň üsti bilen hereket edip gelýän «Şatlyk» gaz kompressor bekedi tebigy gazy Daşoguz welaýatyna iberer. Häzirki wagtda «Türkmengaz» DK-nyň ulgamlaýyn düzümi bolan «Türkmengazakdyryş» Birleşiginiň buýurmasy boýunça «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň güýji bilen ýer işleri alnyp barylýar. Kompressor bekedinden başga-da bu...

Türkmenistanyň nebitgaz konsernleriniň hukuk derejesi ara alnyp maslahatlaşyldy

«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolara laýyklykda, «Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernlerine ýurduň uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berildi. Ýerli HBS-lerde 2008-nji ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen, Prezident Gurbanguly berdimuhamedowyň gol çeken «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna Üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» türkmenistanyň Kanuny neşir edildi. Mälim bolşy ýaly,...

«TNG – 2016» nebitgaz maslahaty dekabrda geçiriler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» (TNG – 2016) halkara maslahaty 7-9-njy dekabrda Aşgabatda geçiriler. Forumyň guramaçysy bolup «Türkmennebit» döwlet konserni çykyş edýär, onuň ýardamçysy hökmünde pudaklaýyn çäreleri geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Summit Trade Events britan kompaniýasy çykyş edýär. Öň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» halkara maslahatynyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň nebit we gaz...

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy giň gerim alýar

Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy «Türkmennebitgazgurluşyk» öwlet konserni tarapyndan  ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Gurluşykda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap, ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanylýar. Bu konserniň gurluşyk düzümleri gaz geçirijiniň guluşygy bilen birlikde geçirijiniň geçýän ugruny tekizlemek, arassalamak, gözegçilik ýoluny gurmak işlerinem alyp barýarlar. Mundan başga gaz geçirijiniň gapdalyndan gurulýan gözegçilik ýolunyň gurlyşyk işleri...

General Electric Power kompaniýasynyň tehnologiýalary tebigy gazdan rejeli peýdalanmagy üpjün eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň dünýä belli General Elektriс Power kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA ýurtlary we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba hem-de Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň elektrik energetika düzümini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap işläp...

Hazaryň hukuk derejesi ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalarynyň hatarynda - The Heritage Foundation

Sowet Soýuzy darganyndan soňra Hazar deňziniň hukuk derejesi babatda jedeller tamamlananok we bu çekişmeleriň netijeleri ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalaryna düýpli täsir edip biler – diýlip, Merkeziň direktory Duglas we Sara Ellisonyň, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk we daşary syýasat institutynyň hünärmeni Lýuk Koffiniň The Heritage Foundation-da neşir edilen makalasynda aýdylýar. Bu barada Azerbaýjanyň Trend täzelikler agentligi habar berýär. Makalanyň...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝET-da taýýar önümleri öndürmeklige üns çekdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde taýýar önümleriň önümçiligini artdyrmak wezipesini goýdy. Bu barada döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji sentýabrda bolup geçen bilelikdäki mejlisinde beýan etdi. «Biz çig maly daşary ýurtlara ibermän, ony gaýtadan işläp, taýýar önümleri öndürmegiň depginlerini has-da güýçlendirmeli. Şeýle etmek bilen, biz uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryny geljekki...

Täze ýaşaýyş jaý toplumlary tebigy gaz bilen üpjün edilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda täze-täze etraplar, şäherler, şäherçeler döredilýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň esasy wezipeleriniň biridir. Bu iş yzygiderli hem guramaçylykly işleri alyp barmak üçin birleşik tarapyndan her ýyl düzülýän meýilnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde habar berlişi ýaly, bu meýilnamanyň çäklerinde 2016-njy ýylyň...

Ýaşulularyň maslahatynda nebitgaz toplumynyň gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň taryhy maslahaty bolup geçdi. Ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edilen umumymilli forumda Garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde gazanylan esasy netijeler, şeýle hem Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Başlyklyk etmek bilen döwlet Baştutany öz çykyşynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ykdysadyýetinde durmuşa geçirilen beýik özgertmeleri belläp geçdi. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň...

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda bolup geçen Ýaşulularyň maslahaty taryhy waka beslendi — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak  hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi täze maddalaryň 28-sini, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýar. Döwletimiziň garaşsyzlygy, hemişelik bitaraplygy, hukuk,...

«Татнефть» we «КАМАЗ» Türkmenistana eksportyny artdyrmakçy

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisinde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary — respublikanyň söwda we senagat ministri Albert Karimow «Татнефть» bilen «КАМАЗ-yň» Türkmenistana eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem ministr Respublikanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem alyp barmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Eksport-import amallaryny artdyrmak we getirilýän harytlaryň we...

Awazada awtoduralga we “Gämi” myhmanhanasy gurlup ulanmaga berildi

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap awtoduralganyň we Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana künjeginiň çäginde gurlan bäşýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem toý-dabaralarynyň hormaly myhmany bolup, ýaş çatynjalara bilelikdäki bagtyýar durmuşa ak pata berdi.  Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda sazlaşykly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, polipropileni we nebit koksyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “B” kysymly (“Türkmenhimiýa” DK)...

Aşgabatda Türkmenistanyň energetika senagatyna bagyşlanan halkara sergisi geçirilýär

8-10-njy sentýabr aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we maslahaty geçirilýär. Elektroenergetika ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezmäge dünýäniň hem-de türkmen kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 126 sanysy gatnaşdy. Dünýäniň iň öňdebaryjy oýlap tapyjylarynyň we öndürijileriniň 52 sanysynyň hatarynda — ABŞ, Russiýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Türkiýe, Eýran we ş.m. ýurtlary agzamak...

Aşgabatda Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr ulgamyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Üstaşyr ýükleri daşamaklygy kämilleşdirmek we BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ýurtlarynda ulag infrastruturasyny ösdürmek ýaly meseleler Aşgabatda geçirilen durnukly ulag, üstaşyr ulag we aragatnaşyk boýunça tematiki iş toparynyň 21-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň işine SPECA-nyň agza ýurtlary bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň hem-de Aziýa...

2014