Täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan parahatçylygy berkitmek üçin ägirt uly tagallalar edýär

Türkmenistan özüniň iň merdana ogul-gyzlarynyň müňlerçesini Watanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrundaky aldym-berdimli gazaply söweşlere iberip, front üçin zerur önümleri tabşyryp, bu örän uly Ýeňşe mynasyp goşant goşdy, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi. Geçen urşuň ýalynly ýollaryny geçen türkmenistanly esgerler edermenligiň hem-de merdanalygyň, gahrymançylygyň,...

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak dabarasy, harby ýöriş we «Baky polk» atly hereket geçirildi. Dabaralara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşulular we kümüş saçly eneler,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we boýalan tüýjümek önümleri, Birleşen Arap Emirliklerinden, Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 676 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan gelen...

Türkmenistan we «UK Export Finance» hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Beýik Britaniýanyň «UK Export Finance» hökümet eksport-karz edarasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn duşuşykda maliýe ulgamynda we anyk maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, «UK Export Finance» edarasynyň hünärmenleri, şeýle hem Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi gatnaşdy. Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygy...

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek meselelerini maslahatlaşdy

Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Halafow bilen onlaýn-görnüşinde geçiren duşuşygynda Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň arasyndaky ylmy-barlag hem-de innowasion-tehnologiki...

Zähmetiň goraglylygy — önümçiligiň hilini kepili

Ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlangyjy bilen geçirilen zähmetiň goraglylygynyň biraýlygy tamamlandy. Onuň çäklerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda zähmetiň goraglylygyny üpjün etmek, işgärler üçin sagdyn hem howpsuz şertleri döretmek boýunça maslahatlar geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň esasy ýörelgesi — iş adamsy hakyndaky alada, işgärler üçin howpsuz iş şertlerini döretmek, önümçilik zerurlyklary bilen üpjün etmek, zähmet...

YHG döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri COVID-19 pandemiýasy şertlerinde ykdysadyýeti goldamagyň çärelerini maslahatlaşdy

Wideokonferensiýa görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasyna agza-döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary duşuşygynda COVID-19 pandemiýasy bilen şertlendirilen ykdysady şertlerde işewürligi goldamak hem-de bu ýagdaýy nazara almak bilen YHG girýän ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň işi ara alnyp maslahatlaşyldy, bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de sebit we...

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde Russiýa Türkmenistanda öndürilen önümler iberildi

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Türkmenistan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Russiýa Federasiýasyna ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleri iberdi. Olaryň hatarynda — azyk önümleri, harytlar we materiallar bar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistandan harytlaryň tapgyrlaryny Russiýa ibermäge görülýän taýýarlyk barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we rus halklaryny uzak...

Islegiň artmagyna umyt etmegiň çäklerinde nebitiň bahalary ýokarlanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler aradan aýrylan wagtynda islegiň artmagyna umyt etmegiň çäklerinde sişenbe güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary ynamly ýokarlanýar, diýip Interfaks habar berýär. Amerikanyň Kuşing terminalynda nebit ätiýaçlyklarynyň artmagy barada habar beren Genscape kompaniýasynyň maglumatlary hem bahalara goldaw berdi. Bu terminalda NYMEX biržasynda satylýan 1,8 mln barrel nebit saklanýar. Eger-de çarşenbe güni resmi maglumatlar...

Türkmenistanyň BSG-niň işine synçy derejesinde gatnaşar

Ilkinji ädim hökmünde Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) işine synçy derejesinde gatnaşar. Şeýle netijä Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisinde gelindi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň...

Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk hereketini ählumumy ykdysadyýeti dikeltmäge çagyrdy

Dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin, häzirden başlap, esaslary döretmek zerur. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Bu ugurda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklary esasy ugurlar bolmalydyr diýip, türkmen Lideri belledi. Dünýä energetika bazarynda häzirki...

«Siemens» kompaniýasy «Lebapgazçykaryş» müdirligi üçin kompressor enjamlaryny getirer

«Siemens» kompaniýasy Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinden uglewodorod serişdelerini çykarmak we ibermek bilen meşgullanýan «Lebapgazçykarş» müdirligi üçin göçme kompressor enjamlaryny getirer. Bu enjamyň işi Naýyp käninde hereket edýän gazy gaýtadan işleýän topluma gazyň berlişini gowulandyrar. Kärhanany tehniki taýdan enjamlaşdyrmak maksady bilen geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanan «Siemens» kompaniýasy «SGT-300» we «SGT-100» gazturbina priwodly enjamlary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat...

Türkmenistan Gruziýa iberýän nebit önümleriniň möçberini artdyrýar

Şu ýylda Türkmenistanda öndürilen nebit önümleriniň Gruziýa eksporty düýpli artdy. Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň birleşiginiň habar berşi ýaly, mart aýynda awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň iň köp importy Russiýadan – 19 müň tonna we Türkmenistandan 16,8 müň tonna deň boldy. Awiasion kerosininiň hem iň esasy satyn alynýan ýurdy Türkmenistan — 4,9 müň tonna. Bu...

Bilermen: dünýä ykdysady çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti meýilleşdirilen ösüş derejesini saklap galyp biler

Türkmenistan milli ykdysadyýetini industriallaşdyrmaklygy üstünlikli amala aşyrýar. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginiň esasy görkezijileri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu görkezijiler oňaýly depgini görkezýär. Munuň özi, ykdysady synçy Walentin Trapeznikowyň aýtmagyna görä, ýurduň ykdysadyýetiniň şu ýylda umumy ösüşini çaklamaga mümkinçilik berýär, diýip «GOLOS SNG» onlaýn-radiosy habar berdi. Ykdysatçynyň belleýşi ýaly, industriallaşdyrmagyň material binýady hökmünde düýpli tebigy baýlyklar,...

2014