Täzelikler

Aşgabatda Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek hakyndaky ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar

6-njy fewralynda Türkmenistanyň DIM-de hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň «Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň»  taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji duşuşygy öz işine başlady. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň wekilleri, şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak...

«Lukoýl» Hazar deňziniň türkmen böleginde nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy. Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda russiýaly işewür Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge hem-de özara bähbitli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň energetika...

«Türkmennebitönümleri» ulgamynda — Mary welaýatynda täze desga ulanyşa girizildi

Mary welaýatynyň çäginde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly kärhanasynyň täze desgasy ulanyşa girizildi. Desga Mary welaýatynyň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Iki gatly bina 7 gektardan gowrak meýdanda ýerleşdi. Kärhananyň iri önümçilik desgalarynyň biri bolan awtomatlaşdyrylan demir ýol estakadasy Aşgabat-Türkmenabat demir ýolunyň ugrunda ýerleşdi. Estakadanyň taslama kuwwatlylygy bir wagtda nebit önümli 9 wagona hyzmat etmäge...

Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara nebitgaz roud-şouna gatnaşyjylaryň sany artýar

24-nji fewralda Dubaýda (BAE) Hyatt Regency - Dubai Creek Heights-de geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 20202 Halkara roud şouna eýýäm 80-den gowrak kompaniýalaryň we guramalaryň, dünýäniň 20 döwletinden hökümet wekiliýetleriniň iki ýüzden gowrak wekili gatnaşmaga isleg bildirdi. Forumyň dowamynda halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň hökümet wekilleri ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini...

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň ABŞ bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow 3-nji fewralda Daşkentde geçen «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti...

«Türkmengaz» TOPH-nyň türkmen bölegi üçin «Serba Dinamik» kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin Malaýziýanyň «Serba Dinamik Sdn. Bhd» kompaniýasyndan dürli serişdeleri we enjamlary satyn alar. «Türkmengaza» şertnama baglanyşmaga ygtyýar berýän degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň...

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Owganystanda we Hindistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň wekiliýetiniň Owganystana we Hindistana saparynyň barşynda iri möçberli we uzakmöhletleýin infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, 1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özara hereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan...

Uzynada meýdançasynda uglewodorodlaryň täze akymy alyndy

Uzynada meýdançasynda №1 gözleg guýusyny synagdan geçirmegiň çäklerinde 6746-6752 metr aralykdaky gyzyl reňkli çökündilerden 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda günlük debiti 106 müň kub metr tebigy gaza we 143 tonna gaz kondensatyna deň bolan çig mal akymy alyndy. Hazarýaka sebitinde ýerleşen, geljegi uly bolan Uzynada meýdançasy «Türkmennebit» DK-nyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen geologo-gözleg işleriniň netijesinde açyldy. Bu ýerde...

Täjigistan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirýär

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň çäklerinde Täjigistanyň çäklerinde birinji desganyň gurluşygy eýýäm 2020-nji ýylda tamamlanar, diýip «TajikTA» habar berýär. Rudaka etrabynyň çäklerinde birinji tonneliň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. Ýakyn wagtda bu gaz magistralynyň beýleki desgalarynyň gurluşygy başlanar. Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň umumy uzynlygy 966 kilometre deňdir. Bu şaha Türkmenistanyň,...

Türkmenistan Gruziýa iberilýän awiakerosiniň möçberleri boýunça lider

Türkmenistan 2019-njy ýylda Gruziýa awiasion kerosin iberýän iň iri iberiji boldy. Geçen ýylda Gruziýa 40 müň tonnadan gowrak awiakerosin iberildi. Bu bolsa Gruziýanyň awiakerosin importynyň umumy möçberiniň 40 göterimine deň boldy. Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyldan bäri Gruziýa awiakerosini eksport edýän lider döwlet bolup durýar. Ol bu görkeziji boýunça Gresiýadan Müsürden, Türkiýeden, Rumyniýadan we köp ýyllaryň dowamynda...

Naýyp gazy gaýtadan işleýän toplumy kuwwatyny artdyrýar

Bu günki gün Üňüzaňyrsy Garagumuň senagat infrastrukturasy ösüşinde täze itergi aldy. Soňky ýyllarda bu ýerde amala aşyrylan taslamalar gazyň we kondensatyň çykarylyşyny düýpli artdyrmaga  mümkinçilik berdi. «Mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmak bilen ugurdaş Üňüzaňyrsynyň gazy gaýtadan işleýän senagatynyň kuwwatlyklary hem artdyrylýar. Netijede, geçen ýylda Naýybyň gazy gaýtadan işleýän toplumynyň tehnologik desgasynda 105 müň kub metrden gowrak suwuklandyrylan...

Balkanda nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça ýokary netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça Balkan müdirligi nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze geljegi uly uglewodorod meýdançalaryny gözlemek we ýüze çykarmak, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Iş toparynyň zähmet üstünlikleri müdirligiň material-tehniki binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hususan-da, häzirki zaman sementleýji enjamlaryň ulanylmagy...

HHR-däki wirus zerarly howatyrlanmalaryň netijesinde nebit arzanlamagyny dowam edýär

Hytaýda öň mälim bolmadyk koronawirusdan dörän pnewmoniýanyň ýaýramagy sebäpli howatyrlanmalaryň netijesinde nebitiň dünýä boýunça bahalary aşaklaýar. Interfaks agentliginiň habar berşi ýaly, «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 59,15 dollara deň boldy. Bu görkeziji deslapky sessiýadakydan 0,25 göterim aşakdyr. Duşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça bahalar 2,26 göterim aşaklap, 59,32 dollara deň boldy. «WTI» nebitiň bahasy 0,15 göterim arzanlap, 53,06...

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Energetika ministrligine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisini gurmak barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasy bilen...

2014