Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabe bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň işewürligi ösdürmäge örän amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen...

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şanly baýramçylyk mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler...

SNGIZ ýol bitumynyň önümçiligini artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň hünärmenleri ýokary hil derejesine we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän önümleriň önümçilik möçberlerini artdyrýarlar. Zawodda öndürilýän ýol bitumy materiallaryň hiline ýokary talap bildirilýän ýol-gurluşyk toplumynyň kärhanalary tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Tehnologik mümkinçilikleriň artdyrylmagy SNGIZ-niň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. zawod innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagyna ägirt uly üns berýär. Bu ýerde 2015-nji ýylda Westport...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň 11 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen, wise-premýer 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň netijeleri barada habar berdi. Şol mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren...

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, bir aý möhletde degişli pudak meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda...

2020-nji ýylda «Brentiň» barreliniň spot bahasy 63 dollara deň bolar – Goldman Sachs

2020-nji ýylda «Brent» nebitiniň ortaça spot bahasy 63 dollara deň bolar – diýip, Goldman Sachs amerikan bankynyň bilermenleri çaklaýarlar. Bu barada ýekşenbe güni Bloomberg agentligi maliýe institutynyň hasabatyna salgylanyp habar berýär. Goldman Sachs OPEC+ ýurtlarynyň birinji çärýek üçin nebit çykarmagyň ylalaşygynyň şertlerini üýtgetmek hakyndaky çözgütleriniň netijesinde has öňräkki bahalandyrmalaryny düzetdi. 1-nji ýanwardan başlap, olar bazardan günde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden we Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel...

OPEC+ ABŞ-nyň slanesli «altyn asyrynyň» ahyrlamagyny nygtaýar

ABŞ-da 2020-nji ýylda slanesli nebitiň çykarylyşynyň depgini haýallar. OPEC+ ýurtlarynyň ministrleriniň bu hili tassyklamasy duşenbe güni Bloomberg agentligi tarapyndan çap edilen materialda getirilýär, diýip TASS belleýär. Onuň çeşmeleriniň garaýşyna görä, şu hepdede geçiriljek OPEC+ ministrler geňeşine gatnaşyjylar «nebitiň çykarylyşynyň şu wagtky derejesini peseltmek däl-de, ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar», «Munuň sebäbi näme? Olaryň pikirine görä, ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň...

Uzynada meýdançasynda gözleg-barlag işleri dowam edýär

Türkmenistanyň günbatarynda täze nebit we gaz känleriniň gözleg we barlag işleri dowam edýär. Günorta Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» DK-nyň nebitçileri bilen birlikde «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri bilen gözleg-barlag işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde taslama çuňlugy 6500 m bolan barlag guýusyny gurmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Seýsmiki barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan meýdança düýpli buraw işlerine taýýar edildi. Käniň...

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy türkmen ýangyç-energetika önümleriniň hasabyna artýar

Türkmenistanyň we Russiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösüşiniň täze derejesine çykdy. Şu ýylyň 9 aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 göterim ýokarlandy. Russiýaly işewür toparlarda we telekeçilerde ýurdumyzyň polietilen we polipropilen önümleri uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandan import edilýän harytlaryň sanawynda plastmass önümleri birinji ýerde...

Nebitgaz senagaty: hünärmenler hünär derejesini ýokarlandyrýarlar

Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik taýdan möhüm bolup durýar. hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň bilim derejesine ýokary talaplar bildirilýär. Känleri işläp taýýarlamakda, önümçilikde we nebitgazy çykarmakda işlemeklik bolsa, professional taýdan ösmäge köpsanly mümkinçilikleri açýar. Marynyň nebit we gaz orta-ýöriteleşdirilen mekdebi dürli ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak we hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw ugurlary...

2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti tassyklanyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde tassyklanyldy. Şeýlelikde, býujetiň girdejileri çykdajylardan 100 mln manat artykdyr. Kanuna laýyklykda, zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan...

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-leri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berýär. Geňeşmeleriň önümçilikli häsiýetini belläp, gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2019-njy...

Russiýa Hytaýa köp mukdarda turba geçiriji gazyny iberýän ikinji döwlet boldy

2-nji dekabrda «Gazprom» «gündogar» ugur boýunça Hytaýa tebigy gaz iberip başlady. «Sila Sibiri» turba geçirijisi boýunça HHR-e «mawy ýangyjy» iberip başlamaga RF-iň Prezidenti Wladimir Putin we HHR-iň baştutany Si Szinpin teleköpri arkaly badalga berdiler. «Gazprom» we CNPC hytaý kompaniýasy «Sila Sibiri» gaz geçirijisi boýunça russiýa gazyny 30 ýyl möhlet bilen almak-satmak boýunça şertnama 2014-nji ýylyň maýyn...

Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça çäreleri geçirýär

Pakistanyň energetika ministrligi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri tizleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu barada Pakistanyň ykdysadyýet federal ministri Hammad Azhar Türkmensitanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçen hepdede geçiren duşuşygynda belledi. Bu barada pakistan HBS-leri habar berýär. Pakistan tarapynyň baha bermegine görä, türkmen energiýa serişdeleriniň eksporty...

2014