Daşary ýurt habarlar
15f1aed059f2cb.jpeg
«Chevron» 5 mlrd dollara «Noble Energy» kompaniýasyny satyn almaga taýýar
28.07.20 - 21:28

ABŞ-nyň iri nebit kompaniýasy «Chevron Corp» bäsdeş «Noble Energy Inc.» kompaniýasyny 5 mlrd dollara satyn almak hakynda ylalaşyk gazandy, diýip Reýter agentligi habar berýär.


15f1a9e07a2a20.jpeg
Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
28.07.20 - 21:28

«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.