TNGIZT Hytaýdan sorujy enjamlary satyn alar

09:39 15.09.2020 189

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/652/original-15f5f07d0e6ee7.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna önümçilikde zerur bolan sorujy enjamy we dürli görnüşli sorujy enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “Helensville Group Limited” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow degişli Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň tehnologik desgalary üçin sorujy enjamy we ätiýaçlyk şaýlary satyn almak meýilleşdirilýär. Şol enjamlar ýokary oktanly benzini we onuň goşundysyny öndürýän desga, çalgy ýaglaryny öndürýän we suw üpjünçiligi desgalary hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň bitum öndürýän desgasy üçin niýetlenendir.

Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ondan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
15f3b64dcbb423.jpeg
OPEC+ ýurtlary iýul aýynda nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşygy 95% ýerine ýetirdiler

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygyny ýerine ýetirmegiň derejesi iýul aýynda 95%-e ýetdi. Iýunda bu görkeziji 107% boldy. Şeýlelikde, guramanyň döwletleri iýulda bazardan 9,2 mln b/g nebit azaldyp, ylalaşygy 0,5 mln b/g amal etmediler. Bu netijeleri OPEC+ tehniki geňeşi duşenbe güni getirdi, diýip TASS belleýär.


15f3cc3e613486.jpeg
Türkmenistan Türkiýä propileniň iberilişini artdyrýar

Baku – Tbilisi – Kars (BTK) demir ýol geçelgesi boýunça Mersine (Türkiýe) türkmen propileni ýüklenen 40 sany konteýner bardy, diýip Trend agentligi «Ady konteýner» OOO azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.


15f3e537894ab0.jpeg
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanunyň taslamasy makullandy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň başlygy «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.


15f0d596235c4b.jpeg
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.


15f3fb03c08c53.jpeg
Türkmen alymy Türkmenistanda geliý önümçiliginiň strategik bähbidine ynam bildirýär

Türkmenistandan professor, tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasow CentralAsia.news saýtyna beren interwýusynda Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşini üpjün edip biljek önüm hökmünde geliý önümçiliginiň strategik taýdan utuşly mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.