«Şatlyk» şypahanasy dynç alýanlar üçin gapysyny açýar

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/231/original-15f070fc3f135b.jpeg

«Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasy Garagum derýasynyň gözel kenarynda ýerleşýär. Abatlaýyş işlerinden soň düýpli täzelenen şypahana 6,3 gektar meýdançada ýerleşip, ol ýerde saýaly gür baglyk ýaýrap ýatyr.Şypahananyň abatlaýyş we dikeldiş işlerini «Marygazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýerine ýetirdiler. Indi, «Şatlykda» dynç almak has hem oňaýly we ýakymly boldy. Bir otagly, iki adamlyk we üç adamlyk otaglarda düýpli täzeleniş işleri geçirildi. Otaglaryň häzirki zaman dizaýny rahatlyk hem ýyly mähir döredýän äheňlerde ýerine ýetirilipdir.Şypahana diňe bir gazçykaryş pudagynyň işgärlerini kabul etmek bilen çäklenmeýär. Ýylyň dowamynda «Şatlykda» iki müňe golaý adam saglygyny berkidýär. Bu ýerde dynç alýanlara balneologiýa we palçyk bejergisi esasynda, «Mollagaranyň» sagaldyş palçygyny ulanmak arkaly sagaldyş usullarynyň giň toplumy hödürlenilýärŞypahananyň myhmanlarynyň ygtyýarynda — galokamera, ozokerit, kükürt wodorod suwunyň çeşmesi bar. Bu şypahana aşgazan-içege traktyny, bagyr we içege ýollaryny, deri kesellerini, daýanç-hereket apparatynyň kesellerini, periferiki nerw ulgamyny we beýlekileri bejerýänligi bilen meşhurdyr. Fizioterapewtiki bejergileriň hatarynda şeýle hem palçyk bilen bejergi, kükürt wodorod wannalary, iňňe bejergisi, elektrik massaž, el massažy, sauna bar. 

Другие статьи
15f0d596235c4b.jpeg
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.


15f0ea44b5b734.jpeg
OPEC nebite bolan islegiň 2020-nji ýylda günde 90,7 mln barrele çenli pese düşüp, 2021-nji ýylda 97,7 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar

2020-nji ýylda nebite bolan islegiň çaklamasy günde 100 müň barrele çenli — günde 90,7 mln b/g ýokarlandyryldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 8,9 mln b/g aşaklamany aňladýar, diýip Interfaks habar berýär. Şol bir wagtda 2021-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi 7 mln b/g artyp — 97,7 mln b/g bolar. Muňa garamazdan, bu görkezijiler COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden aşakda bolmagynda galýar, diýip gurama habar berýär.


15f0e95667a16e.jpeg
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.


15f11395863629.jpeg
«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler maslahatlaşyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f1026d631c21.jpeg
«Lebapgazçykaryş» Naýyp käninde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar

Naýyp gaz käninde 220/110/35 podstansiýasynyň düýpli abatlaýyş işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Abatlaýyş işlerine «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 60-dan gowrak hünärmenleri gatnaşýarlar.