Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/270/original-15f0d596235c4b.jpeg

13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada pikirleri we maslahatlary alyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şol duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri-de, Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy.Üç ýurduň möhüm magistral ýollarynyň çatrygynda amatly geografiki ýerleşişini nygtap, R.Meredow sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, ulag mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna laýyklykda, Ýeke-täk logistika merkeziniň döredilmegi, ýük daşamalary ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň girizilmegi, gümrük-nyrh kadalarynyň ýönekeýleşdirilmegi we üçtaraplaýyn gepleşik usullarynyň ulanylmagy Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidip, bütin sebitiň ösmegine ýardam berer.Diplomatlar üç ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň arasynda wideomaslahatlaşmalary geçirmek arkaly bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.Şeýle hem sebit we halkara gün tertibi, şol sanda COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek bilen bagly möhüm meselelere hem seredildi.

Другие статьи
15f0ea44b5b734.jpeg
OPEC nebite bolan islegiň 2020-nji ýylda günde 90,7 mln barrele çenli pese düşüp, 2021-nji ýylda 97,7 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar

2020-nji ýylda nebite bolan islegiň çaklamasy günde 100 müň barrele çenli — günde 90,7 mln b/g ýokarlandyryldy, bu bolsa 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende günde 8,9 mln b/g aşaklamany aňladýar, diýip Interfaks habar berýär. Şol bir wagtda 2021-nji ýylda suwuk uglewodorodlaryň sarp edilişi 7 mln b/g artyp — 97,7 mln b/g bolar. Muňa garamazdan, bu görkezijiler COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden aşakda bolmagynda galýar, diýip gurama habar berýär.


15f0e95667a16e.jpeg
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrligi köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmagy maslahat berýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan 21 göterim artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin, köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtyňyz agyz-burun örtüklerini ulanmagy maslahat berýär.


15f11395863629.jpeg
«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ministrler derejesindäki birinji duşuşykda syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özarahereketler maslahatlaşyldy, diýip ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f1026d631c21.jpeg
«Lebapgazçykaryş» Naýyp käninde elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar

Naýyp gaz käninde 220/110/35 podstansiýasynyň düýpli abatlaýyş işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Abatlaýyş işlerine «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň 60-dan gowrak hünärmenleri gatnaşýarlar.


15f102649b6ae7.jpeg
Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady — BSGG-niň wekiliýetiniň ýolbaşçysy

Türkmenistanda СOVID-19 keseliniň ýüze çykan ýagdaýyny tassyklaýan bir mysal hem bellige alynmady. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahat beriş-tehniki toparynyň Türkmenistana gelen baştutany, BSGG-niň adatdan daşary ýagdaýlar meseleleri boýunça Ýewropa sebit edarasynyň baş hünärmeni hanym Ketrin Smollwud Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň jemleri boýunça geçirilen brifingde belledi.