«Chevron» 5 mlrd dollara «Noble Energy» kompaniýasyny satyn almaga taýýar
11:28 26.08.2020 3105

ABŞ-nyň iri nebit kompaniýasy «Chevron Corp» bäsdeş «Noble Energy Inc.» kompaniýasyny 5 mlrd dollara satyn almak hakynda ylalaşyk gazandy, diýip Reýter agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu geleşik koronawirus pandemiýasy başlanandan bäri, nebit pudagynda iň iri geleşik bolup biler.
Geleşik ýapylandan soň, «Noble Energy-iň» paýdarlaryna birleşen kompaniýanyň 3 göterimi degişli bolar.
Bu geleşik «Chevron» kompaniýasyna kompaniýanyň subut edilen nebit we gaz ätiýaçlyklaryny 18 göterim töweregi artdyrmaga mümkinçilik berer. «Noble» kompaniýasynda nebit we gaz ätiýaçlyklarynyň subut edlen gorlarynyň 2,05 mlrd barreli bar. Şol bir wagtda «Chevron-da» 11,1 mlrd barrel bar.
Bu geleşik «Chevronyň» ABŞ-da slanesli önümçilikde maýalaryny artdyrar we kompaniýa Ortaýerdeňziniň gündogar böleginde Lewiafan iri gas känini berer.
Reýter agentliginiň bellemegine görä, nebitiň bahalarynyň aşaklamagy köp sanly energetika kompaniýalarynyň paýnamalarynyň aşaklamagyna getirdi we aşaklamany başdan geçiren hem-de ýeterlik serişdeleri bolan kompaniýalar üçin olary elýeterli etdi.
«Chevron» birinji çärýegi 8,5 mlrd dollar möçberde pul serişdeleri bilen tamamlady. Ol 2019-njy ýylda «Anadarko» kompaniýasyny 33 mlrd dollara satyn almak barada geleşikden ýüz öwrüp, aşaklama döwründe çykdajylaryny azaldan iri nebit kompaniýalarynyň birinjisi boldy.

Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanly senator Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegi teklip edýär
Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek gerek. Senatyň deputaty Suindik Aldaşew şeýle pikir edýär. Muny Interfaks – Gazagystan habar berýär.

OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, «Brent» 65,58 dollara ýetdi
Duşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar. Şeýle hem şu hepdede nebit bazary OPEC+ ýurtlarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap nebit çykarylyşynyň derejesi baradaky täze çözgütlerine garaşýar, diýip Interfaks habar berýär.

Открытие Турцией газового месторождения в Черном море будет иметь далеко идущие последствия для будущего импорта
Открытие Турцией газового месторождения в Черном море (Tuna-1) будет иметь далеко идущие последствия для будущего импорта, сообщает Trend со ссылкой на консалтинговую компанию Wood Mackenzie.

ОПЕК в сентябре проведет видеоконференцию по информационным технологиям в энергетике
Секретариат Организации стран - экспортеров нефти запланировал провести следующую видеоконференцию по вопросам энергетики и информационных технологий 21 сентября, говорится в сообщении ОПЕК.