Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretiň — tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bellenilen meýilnama laýyklykda bökdençsiz ýetirilmegini üpjün etmek «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň ähli edara-kärhanalarynyň, şol sanda «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylarynyň öňlerinde durýan baş wezipedir.
Ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatyny, edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün edýän «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri şu welaýatlarda umumy uzynlygy 2570 kilometrdenem köpräk bolan ýokary basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler.