«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama düzümleriniň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny ýokary zähmet netijelerine besleýärler. Bu trestiň ussat gurluşykçylary welaýatyň çäginde dürli maksatly binalary gurmak, nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalar tarapyndan bina edilýän ymaratlara, täze gurulýan gaz geçirijilere zerur bolan demirbeton önümlerini öndürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň çar künjünde gurulýan möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna, obadyr şäherlerimiziň abadanlaşdyryş işlerine hem işjeň gatnaşýarlar. Trestiň gurluşyk-gurnama düzümleriniň işgärleriniň häzirki döwürde, aýratyn-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynda alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr. Trestiň ezber elli gurluşykçylarynyň guran döwrebap binalaryny ýurdumyzyň çar künjünde görmek bolýar. Olaryň arasynda edara binalary, medeni-durmuş, dynç alyş, saglygy goraýyş we sport desgalary, bilim ojaklary, ýaşaýyş jaý toplumlary bar.
Şol desgalaryň gurluşyk-gurnama işleriniň barha batly depginde alnyp barylmagynda trestiň önümçilik-tehniki üpjünçilik dolandyryş edarasynyň uly ussasy Maksat Janbaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän demirbeton önümlerini öndürýän ulgamynyň işgärleriniň hem saldamly paýy bar. Bu ýerde gurluşyk düzümlerine derwaýys bolan demirbeton önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilip, öz wagtynda gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar. Ulgamda häzire çenli üçek örtükleriniň 6, gaz geçirijileriň aşagyna goýulýan diregleriň 4, binalaryň ymaratlaryna, ýanýodalara goýulýan demirbeton hem-de ýol ýakalaryny yşyklandyryjy howa elektrik ulgamynyň sütünleri ýaly dürli görnüşli önümleriň 20-ä golaý görnüşi öndürilen bolsa, işçi-hünärmenler şu ýylyň başyndan bäri ýene-de täze görnüşli önümleriň birnäçesini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda meýilleşdiriş işlerini alyp barýarlar. Bu önümler geljekde, esasan, Daşoguz şäherinde gurluşygy dowam edýän döwrebap çagalar bagynyň we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hem-de Köneürgenç etrabynda gurulýan täze şäherçäniň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda gurluşygyna badalga berlen 1 müň 496 hojalyga niýetlenen täze şäherçäniň gurluşygyna ugradylar. Şeýle hem bu ýerde öndürilýän önümler welaýatyň obadyr şäherlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerinde-de netijeli ulanylýar.