Gumdagly nebitçileriň batly gadamlary

Gumdagly nebitçileriň
batly gadamlary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler özüniň juda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu baýry, şol bir wagtyň özünde-de, düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altynly» ýataklary gözläp tapmak we olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýylda başlandy. Şol ýyl gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylan 1-nji belgili guýudan her gije-gündizde alnan nebitiň möçberi 25 tonnadan hem geçdi. Hut şu buýsançly wakanyň özem soňy bilen «Gumdagnebit» NGÇM-niň Gumdag, Guýjuk, Gyzylgum, Gögerendag, Ördekii, Ekizak, Garadepe, Ýolaýyrdy we Garadurun ýaly ýataklarynda alnyp barylýan işleriň gerimini ymykly giňeltmegine badalga berdi.

— Esasy nebitgazly ýataklar bolan Gyzylgum 1961-nji ýylda, Guýjuk 1973-nji ýylda, Gögerendag 1978-nji ýylda, Ördekli 1981-nji ýylda, Garadepe 2002-nji ýylda, Ýolaýyrdy 2004-nji ýylda, Garadurun 2006-njy ýylda özleşdirilip, önümçilige tabşyrylýar. Men bulary ýöne ýere sanamok. Aslynda, tutuş konsern boýunça täze ýataklary yzygiderli özleşdirmekde gumdagly nebitçilerimiz hemişe öň hatarlarda bolmagy başarýar. Hut häzirki günlerde geljegi uly bolan Uzynada baýlyklar känini özleşdirmek hem biziň paýymyza düşýär. Diňe bir şu ýylyň başyndan bäri bu ýatakda has çuň gatlakly guýularyň ikisinde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, olardan nebitiň bol akymy alyndy. Guýjuk ýatagynda şu ýyl gazuw işleri tamamlanan 145-nji guýudan hem bol önüm alýarys. Ördekli meýdançasynda gazylan 103-nji guýuda bolsa senagat taýdan özleşdirmek işleri alnyp barylýar. Täze guýulary gazmak işleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi biziň baýry kärhanamyzyň hünärmenlerini has belent sepgitlere ruhlandyrýar — diýip, müdirligiň baş geology Rejepmämmet Nyýazow gürrüň berýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe
Nebitgaz №34
Download full version in PDF
Print version

In this week's issue

No. 34

August 25, 2026

Download full version in PDF

Price: 1 TMT

+993