Häzirki döwürde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy hem-de halk hojalygymyzyň beýleki pudaklary üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň berýän goldawy esasynda okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar. 2019—2020-nji okuw ýylynda mekdebiň täze okuw binasynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen bu ylym ojagynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda giň şertleriň dörändigini aýtmak gerek. Bu binada döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw, tejribe otaglarynyň on altysy ýerleşýär. Okuw binasynda talyplar bilen geçirilýän nazary okuwlary tejribe sapaklary bilen utgaşdyrmaklyga ähli mümkinçilikler bar. Çünki tejribehanalardaky döwrebap enjamlaryň ählisi programmalaryň üsti bilen dolandyrylyp, olar sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.