Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhas bilen amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerinden barha rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen kanagatlandyrylýar.
Müdirlikde şu ýylyň geçen alty aýynda pul hasabynda bitirilen işler 1 million 939 müň manatlykdan hem geçýär. Şu döwürde nebitçilere sargytlar boýunça ýetirilen suwuň umumy möçberi 2 million 224 müň kubmetre golaýlaýar. Bu görkezijiler konserniň burawlaýjylarynyň hem-de uglewodorod çig mallaryny çykaryjylarynyň suwa bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylýandygyndan habar berýär. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe konsern boýunça «gara altyny» çykarmakda we ony tabşyrmakda gazanylan ösüş depginleriniň degişlilikde 106,9 göterime we 107,6 göterime barabar bolmagy hem muňa aýdyň güwä geçýär. Kärhananyň hünärmenleri diňe bir ýerasty Ýasga kölüniň däl, eýsem, dürli ýataklardaky dik guýularyň, şonuň ýaly-da, Hazar deňziniň suwlaryny hem önümçilik maksatly işlere ýeterlik mukdarda gönükdirmegi başarýarlar.