Naýypdaky netijeli işler
14.06.22 - 16:48«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 46,4 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagyna müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynyň agzybir we işine ussat işgärleri has saldamly goşant goşýarlar.
Meniň şäherim — meniň ikinji öýüm
14.06.22 - 16:49Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheri-de bina edilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň hasabyna öz çägini giňeldip ösýär hem özgerýär. Gazçylar şäheriniň abadançylygynyň üpjün edilip, has gözel keşbe girmeginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar.
Ýene bir guýy önüm berdi
07.06.22 - 15:40Keremli türkmen topragynyň gymmatly baýlyklaryny ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň, halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň hyzmatynda goýmak ugrundaky işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri ýokary ruhubelentlik we yhlaslylyk bilen gatnaşýarlar. Olaryň golaýda Agarguýy gaz käninde burawlan 5-nji barlag guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Gaz üpjünçiligi gowulanýar
07.06.22 - 15:41Täze döreýän ilatly ýerlerde gaz geçirijilerini gurmak işlerini Milli maksatnama laýyklykda, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary ýokary depgin bilen alyp barýarlar.
Uzynadada iş ýaýbaňlanýar
07.06.22 - 15:42Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 1972-nji ýylda 4213 metr çuňluga ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy gazylýar. Geçirilen geologiýa-geofiziki barlaglar uglewodorod doýgunly gatlaklary ýüze çykarmansoň, şol guýy petiklenýär. 2015-nji ýylda bu ýerde sebitde iň çuň hasaplanylýan, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji belgili gözleg-barlag guýusynyň gazuw işine başlandy.
Türkmenistanyň wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek
31.05.22 - 19:57«Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» düzülmeginiň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek bolup durýar.
«Körpejäniň» «mawy ýangyjy» artýar
31.05.22 - 19:58Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Kiberbäsleşigiň ýeňijileri
24.05.22 - 16:28«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.
Il alkyşyna mynasyp gazçylar
24.05.22 - 16:29«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynda aýba-aý iş tabşyryklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde hem-de tebigy gazy ulanyjylaryň gaz enjamlaryndan ýerlikli peýdalanmagyny gazanmakda edaranyň içeri öý gaz enjamlary gullugynyň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar.
«Gara altynyň» goşmaça tonnalary
24.05.22 - 16:31«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Muňa geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bitirilen işler hem şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän dört aýda bu müdirlikleriň zähmet toparlary 26,3 müň tonna derek 42,3 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny gazandylar.
Möhüm hünäriň eýeleri
17.05.22 - 15:56Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryny ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösüşiniň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynyň hatyrasyna ulanmak arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Ýerastymetalgoraýyş we hil» gullugynyň Balkanabatdaky bölüminiň hünärmenleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagy başarýarlar.
Gadamy batly gazçylar
10.05.22 - 16:49«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler ilaty we edara-kärhanalary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Üstünlige tarap gaýratly gadamlar
10.05.22 - 16:50Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda zähmet gaýnap joşýar. Olaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem bar. Maksada okgunly, başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dört aýynda bitiren işleri hakynda guwanç bilen gürrüň edesiň gelýär. Sebäbi bu iri senagat kärhanada çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli harytlyk önümleri öndürmekde gowy netijelere eýe bolunýar.
Döwrüň ruhuna mahsus wezipeler
03.05.22 - 16:36«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Gaz hojalygy edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylyň häzirki günlerinde etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 997 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 336 sanysyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilýär.
Ýerasty gaz saklawhanalary desgalaryny gurmagyň derwaýyslygy
03.05.22 - 16:37Soňky ýyllarda Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhana desgalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy nygtalýar.