15ff42c4a9b93e.png
«Galkynyş» gaz käni tapgyrlaýyn özleşdirilýär
05.01.21 - 19:07

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri nebitgaz ýatagy bolan «Galkynyş» dünýäde ululygy boýunça ikinji orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz pudaga daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem-de nebitgaz ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada anyk görkezmeleri berdi. «Galkynyş» gaz käni ilkinji tapgyrda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder.


15ff42b793e946.png
Hil we howpsuzlyk möhüm wezipedir
05.01.21 - 19:03

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işleriniň halkara ölçeglerine laýyklykda ýylsaýyn ilerlemeginde onuň ýerlerdäki düzüm birlikleriniň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň nebit we nebit önümleriniň hil gözegçiligini hem-de gaz ölçeýji enjamlaryň tehniki taýdan guratlygyny barlaýan bölümlerinde döwrebap işler alnyp barylýar.


15ffd732d949b3.png
Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde
12.01.21 - 20:00

Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.


15fead506eb008.png
Tebigy gaz öý-ojaklary ýyladýar
29.12.20 - 17:04

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalarynyň hem-de şäherleriniň ilatly ýerlerini gazlaşdyrmakda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirýärler.


15fead48dc819a.png
Nebitgaz toplumy: «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň rowaçly menzilleri
29.12.20 - 17:02

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä möçberinde uly dabaralara beslenmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Esasy Kanunymyza — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilip, Milli Parlamentiň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylyp, iki palataly ulgama geçilmegi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň esasy wakalary boldy.


15fe195ff80d81.png
Sag başym — soltan başym
22.12.20 - 16:45

Saglyk her bir adamyň başynyň täjine deňeýän iň gymmatly baýlygydyr, ynsan durmuşynyň bezegidir. Şol baýlykdyr bezegden serpaýly kişiler elmydama özlerini ruhubelent, bagtyýar duýýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlan we gurulýan döwrebap, iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen anyklaýyş-bejeriş merkezleridir hassahanalar-da, melhem suwly şypahanalardyr arassa agyz suwy zawodlary-da bir maksada — ähli raýatlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.


15fe1957e28fd7.png
Täze ýylyň buşlukçysy nur saçýar
22.12.20 - 16:43

Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere beslän halkymyz täze 2021-nji ýyly garşylaýar. Geçen hepdede paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýagşy umytlaryň we arzuwlaryň baýramy bolan Täze ýylyň baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.


15fe19500ea9be.png
CNPC — Türkmenistanyň ygtybarly we uzakmöhletli hyzmatdaşy
22.12.20 - 16:41

Dünýäniň iri kompaniýalarynyň sanawynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär. 2017-nji ýylyň sentýabryndan başlap jenap Li Şulýan «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory bolup durýar. «NEBIT-GAZ» gazetiniň baş redaktory jenap Li Şulýan bilen söhbetdeş boldy, şol söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.


15fe1949172201.png
Parahatçylygyň we abadançylygyň ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlenilýär
22.12.20 - 16:39

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň türkmen Diýarynda nebit çykarylmagyň taryhynda öz mynasyp orny bar. Çünki türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altyny» çykarmak we onuň goňşy ýurtlar bilen söwdasyny ýola goýmak hut şu bereketli künjekden başlanýar.


15fe193bc06424.png
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ykdysady taýdan amatlydyr
22.12.20 - 16:35

Häzirki döwürde dünýäde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere uly üns berilýär.


15fe1933d587b1.png
Jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wezipeleri kesgitlenildi
22.12.20 - 16:33

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.


15fe192d893998.png
Nebitgaz toplumy: polimerlere bolan isleg we maýa goýumlary artýar
22.12.20 - 16:31

Wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň baş maksady baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmak bilen nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleri giňeltmekde jemlenýär.


15fe19241a1b36.png
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň täze hilini üpjün etmek ugrunda çykyş edýär
22.12.20 - 16:29

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 18-nji dekabrynda bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisini ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.


15fd8851f93f49.png
Gazçylaryň hyzmatynda
15.12.20 - 19:42

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň gazçylaryň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgi şäheriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde zehinli aýdymçy-sazandalaryň bir topary zähmet çekýär. Olar ýurdumyzda giňden toýlanylýan baýramçylyk günlerinde guralýan çäreleri öz aýdym-sazly çykyşlary bilen bezäp, dabara gatnaşýanlara ruhy lezzet berýärler.


15fd85071b0f05.png
Bagajada baýlyk önýär
15.12.20 - 15:58

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edara şahamçasynyň Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynyň başarjaň işgärleri hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olar türkmen topragynyň jümmüşinden gazylyp alynýan tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda geçginli önümleri öndürmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler.