15f4e317356053.png
Gözel tebigatyň goragynda
01.09.20 - 21:33

Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Türkmenistanda tebigatdan rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ulgamynda «Tebigaty goramak hakynda» we «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi daşky gurşawa ýetirilýän täsiriň aňry-çäk rugsat edilen şertleri, tebigaty goramak babatda düzgünleri has-da berkidýär.


15f4e30e3a7592.png
Süýji suwly guýularyň sany artýar
01.09.20 - 21:30

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary barha golaýlaşýan goşa şanly senä, ýagny ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 25 ýyllyk şöhratly baýramçylyklaryna şu günlerden uludan taýýarlykly barýarlar.


15f4e303a348d5.png
Çagalar — bagtly geljegimiz
01.09.20 - 21:27

Bilimler we talyp ýaşlar güni ýetip geldi. 1-nji sentýabrda kalplary joşgunly mekdep okuwçylary bilim ojaklaryna dolýar. Olaryň arasynda birinji synpa barýan çagalar hem bar. Biziň kärhanamyzyň işgärleriniň perzentleriniň hem 180-den gowragy ilkinji gezek orta mekdepleriň bosagasyndan ätleýär. Biz olar üçin özboluşly sowgat taýýarladyk, olara mekdep goşhaltalaryny hem-de okuw esbaplaryny gowşurdyk. Şeýle işiň indi bizde asylly däbe öwrülendigini aýratyn belläsim gelýär.


15f4e2fd2aa261.png
Belent sepgitlere ynamly gadamlar
01.09.20 - 21:26

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 29 ýyllyk toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.


15f4e2f3d68bf8.png
«Ulgamda akym kadaly»
01.09.20 - 21:23

Dispetçer gullugyna ýerlerden gelip gowuşýan hasabatlar şeýle gysgajyk sözler bilen tamamlanýar. Ýöne bu gulaga ýakymly jümlelerde uly many jemlenýär. Ol welaýatyň ilatly ýerleriniň, köpsanly edaralaryň we kärhanalaryň tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün edilýändigine, ulgamyň sazlaşykly işlemeginiň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle jogapkärli işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap bölüminiň agzybir işgärleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.


15f44a36b99996.png
«Galkynyşyň» bereketli gazy
26.08.20 - 16:28

«Türkmengaz» döwlet konserniniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynyň hünärmenleridir işgärleri hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan pudagyň öňünde goýulýan maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinip, döredijilikli zähmet çekýärler.


15f44a2f098c71.png
Çig nebitiň ugurdaş gazy
26.08.20 - 16:22

Çig nebit — bu, esasan, uglewodorodlaryň köp görnüşli tebigy çylşyrymly suwuk himiki birikmesi (toplumy) hasaplanylýar we onuň düzüminde az mukdarda beýleki organiki birleşmeleriň bardygy hem anyklanandyr. Nebit gymmat bahaly we peýdaly hem-de ýeriň jümmüşinde köplenç gaz görnüşli (tebigy we ugurdaş gazlar) uglewodorodlar bilen bilelikde gabat gelýän ýerasty baýlykdyr.


15f43ae6d8f326.png
Nebitgaz toplumy täze syýasy-hukuk özgertmeleri goldaýar
26.08.20 - 16:22

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen çarşenbe güni, ýagny 19-njy awgustda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi.


Aýdyň maksatlara tarap
26.08.20 - 16:22

Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýlaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda egin-egne berip, agzybir zähmet çekýärler.


15f43a4665629f.png
Arkalaşykly iş üstünlik getirýär
26.08.20 - 16:22

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserni nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirip we olary işläp taýýarlap, bu binýatlyk ulgamyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini gazanmakda maksada okgunly işleri bitirýär.


Amyderýanyň sag kenarynyň üç ýatagy özleşdirilmäge girişildi
26.08.20 - 16:54

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň gündogar bölegindäki gazly ýataklary ulanmaga bermek boýunça taslamanyň ikinji tapgyryny amala aşyrmaga girişdi. Onuň çäklerinde Amyderýanyň sag kenarynda üç sany ýatagyň — Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynyň önümçilik düzüminiň gurluşygyna başlandy.


15f3abf2ea5ce5.png
Türkmenistanyň gahrymany gözel şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi
26.08.20 - 15:44

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylýan ýylynyň geçen sişenbe güni, ýagny 11-nji awgustda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewanyň 80 ýaş ýubileýi, şeýle hem onuň «Gezdim şygryň dünýäsinde» we şahyryň işleýän ýeri bolan «Edebiýat we sungat» gazetiniň Gözel Şagulyýewanyň ýörite ýaş toýuna taýýarlan «Biziň iliň şahyrydyr bu şahyr» atly täze kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


15f3abe5b386a4.png
Suw — ýaşaýşyň gözbaşy
26.08.20 - 15:44

— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine ýugrulan syýasaty her bir maşgalanyň durmuşyna özgerdiji täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde ildeşlerimiz üçin durmuşy eşretler barha elýeterli bolýar. Jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda edilýän aladalaryň anyk işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapmagyna biziň zähmetsöýer hünärmenlerimiz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar — diýip,


15f3abd860be92.png
Ilatly ýerler gazlaşdyrylýar
26.08.20 - 15:44

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.


15f3abcf2e2035.png
Hem gazçy, hem şahyr
26.08.20 - 15:44

Nazly Tuwakgylyjow 1938-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çaloýuk obasynda eneden dogulýar. Balkanabat şäherindäki orta mekdepde bilim alýar. Şol ýerdäki nebitçilik orta hünär okuw mekdebini tamamlap, şäherdäki gaz hojalyk edarasynda slesar, ussa, bölüm başlygy wezipelerinde işleýär. Işlän ýyllarynda göreldeli zähmeti üçin Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Nazly şäheriň gaz hojalyk edarasynda işlän 28 ýylynyň içinde ençeme şägirtleri ýetişdirdi.