15f35865b54559.png
Önümçilik tejribelikleri dowam edýär
26.08.20 - 14:52

Şu günler ýurdumyzyň ähli başlangyç hünär okuw mekdeplerinde 2019 — 2020-nji okuw ýylynyň ahyrlanmagy bilen önümçilik okuw tejribelikleri guramaçylykly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr» diýen paýhasly sözlerinden ugur alyp, başlangyç hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna zerur bolan orta bilimli hünärmenleri taýýarlamak işi täze taryhy eýýamyň möhüm wezipeleriniň birine öwrüldi.


15f358561e2eaf.jpeg
Nebitgaz toplumy — türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik pudagy
26.08.20 - 14:39

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýan halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar öz oňyn netijelerini berýär.


15f3581677c20f.png
Mährem sähranyň gerçekleri
26.08.20 - 14:22

Biz Agamyrat Jumabaýew bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durýarys. Şonda söhbedimiziň dowamy her gezek onuň ýolbaşçylyk edýän böleginde gazanylýan netijeler, işgärleriň gündelik iş-aladalary hakyndaky meselä syrygýar. Gürrüňdeşimiz «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik bölegine ýolbaşçylyk edýär.


Demirgazyk goturdepe: täze guýulardan nebit alyndy
26.08.20 - 14:13

Türkmenistanyň günbataryndaky Demirgazyk Goturdepe nebitgazly ýatagyny özleşdirmek işleri batly depginlerde dowam edýär. «Yug-Neftegaz» (Singapur) kompaniýasy bu ýerde iki guýynyň — 332-nji we 316-njy guýularyň buraw işlerini tamamlady, olaryň her biriniň taslama çuňlugy bäş müň metre barabardyr. Guýulary burawlamagyň barşynda «gara altynyň» senagat möçberindäki akymy alyndy.


15f357e1e47c1d.png
Gözlegleriň gerimi giňelýär
26.08.20 - 14:00

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Olar «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Maksatnamada bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Lebap geofizika ekspedisiýasynyň agzybir işgärleriniň hem netijeli gatnaşýandyklaryna alnyp barylýan giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär.


15f357d2a23ec3.png
Şahamçanyň durky täzelenýär
26.08.20 - 13:44

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan ösüşi çaltlandyrmagyň daýanjy bolan ýol-ulag düzümi ileri tutulyp ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläni mydama üns merkezinde saklamak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Olara laýyklykda ýerlerde anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar.


Nebitgaz toplumyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi artýar
26.08.20 - 04:53

Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolup, onuň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge uly möçberde maliýe serişdeleri goýberilýär.


15f357bcbb7536.png
Döwrebap zähmetiň miwesi
26.08.20 - 15:39

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiz häzirki wagtda öz ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini has netijeli ulanmagyň hötdesinden gelýär. Zemin jümmüşindäki esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.


15f357b409aee8.png
Bedew batly watanymyz dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýar
26.08.20 - 15:35

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.


15f357aa8d1b42.png
Aladag-misserianyň nebitgazly geljegi
26.08.20 - 15:58

Mälim bolşy ýaly, Aladag-Misserian göterilme zonasy Günbatar Türkmen çöketliginiň Gyzyletrek sebitinde ýerleşendir. M.K.Mirzahanow 1962-nji ýylda «Günbatar Türkmen çöketliginiň günorta-gündogar bölüminiň we Köpetdagyň günbatar böleginiň nebitgazly geljegi» atly ylmy-barlag işinde Misserian tektoniki zonasynda ýerleşen Yzzatguly, Rüstemgala, Madaw, Benguwan, Daýandyk, Günbatar Zirik meýdançalarynyň nebitgazly geljeginiň has uludygyny belläp geçýär.


15f3579ac82ad6.png
«Mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilýär
26.08.20 - 15:23

— Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk taglymatynyň datly miwelerini her ädimde diýen ýaly görmek bolýar. Jemgyýetimizde adamyň iň ýokary gymmatlyk hasap edilip, onuň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän deňsiz-taýsyz aladalara biz hem mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Şonuň netijesinde ilatymyza durmuşy eşretleriň biri bolan tebigy gaz barha elýeterli bolýar — diýip, «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň bölüm müdiri Geýdaýdurdy Şirinow bize alnyp barylýan gündelik işler, gazanylýan netijeler barada gürrüň berýär.


15f3579293d68f.png
Guýularyň önüm berijiligi artýar
26.08.20 - 15:17

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinip işleýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň Guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehiniň gazçylary geçen dört aý üçin bellenilen önümçilik meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler.


15f35784239831.png
Gazçylaryň ýakyn ýardamçylary
26.08.20 - 15:07

Bu kärhananyň derwezesi hemişe diýen ýaly açyk durýar. Sebäbi gije-gündiziň islendik wagtynda giň derwezeden köpsanly ulaglar daşary çykýar ýa-da ondan içeri girýär. Ine, sürüjileriň birnäçesi üsti ýükli awtoulaglaryna atlanyp, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda ýerleşýän gaz ýataklaryna tarap ýola rowana bolýar.


15f3576041ae28.png
«Zähmet» suw bekedinde
14.08.20 - 03:19

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň tebigy gazy çykarmakda gazanýan üstünliklerinde olara dürli ugurlar boýunça hyzmat ediş ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe önümçiligine kämil tehnologiýalar, döwrebap enjamlar ornaşdyrylýan şol edara-kärhanalaryň zähmet toparlary müdirlik boýunça «mawy ýangyjyň» çykarylmagyna-da, sarp edijilere ugradylmagyna-da öz goşandyny goşýarlar.


15f35751f76884.png
Goşmaça «gara altyn» alynýar
14.08.20 - 03:15

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 3-nji aprelinde üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlap sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda bitirilýän işleriň hasabatyny diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän nebitgaz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.