Tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/2244/original-160ac9d17e4b5a.jpeg
«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy. «M Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pudagyň hünärmenleri döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň netijeli usullarynyň giňden ulanylmagyna, şeýle hem täze guýularyň işe girizilmegine aýratyn üns berýärler.

In order to read the article