«Galkynyşda» zähmet galkynyşy
09.03.22 - 15:42Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek barada edýän bimöçber aladalary bu ýerde işleýän gazçylarda täze zähmet galkynyşyny döredýär. Gaz käniniň tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynda, gaz guýularynda zähmet çekýän gazçylaryň häzirki günlerdäki iş depginleri dogrusynda gürrüň bermegini sorap, «Marygazçykaryş» müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mekan Muhammedowa ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
Eksportyň gerimi giňelýär
09.03.22 - 15:43Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde özümizde öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň başarjaň işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olaryň kämil önümçilik desgalarynda öndürýän önüminiň eksportynyň täze ugurlary peýda bolýar. Geçen ýylda ýurdumyzyň gündogar welaýatynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Özbegistana we Täjigistana hem ugradylyp başlandy.
Zähmet gadamy batlanýar
22.02.22 - 15:57«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýaty boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň hünärmenleridir işçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda zähmet gadamlaryny barha batlandyrýarlar. Olar ýanwar aýynda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda welaýatyň obalaryndadyr şäherlerinde müňlerçe metr uzynlykdaky täze gaz geçirijilerini gurmak, ozaldan hereket edýänleriniň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirdiler.
«Mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär
22.02.22 - 15:58«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda uly işleri alyp barýarlar.
Ilkinji aýyň guwandyryjy netijeleri
08.02.22 - 18:37«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýyny netijeli jemlemek bilen, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Howanyň häzirki sowuk günlerinde gije-gündiziň dowamynda etrabyň sarp edijilerini gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan edaranyň işçi-hünärmenleriniň her bir iş güni ýokary zähmet rowaçlyklaryna beslenýär.
Täze beket gurulýar
08.02.22 - 18:38Ýurdumyzda türkmen topragynyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini düýpli artdyrmak maksady bilen uly tagallalar edilýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle derwaýys çäreler «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligini hem giňden gurşap alýar.
Zawodlar toplumynyň täze önümi ekologik abadançylyga uly goşant bolar
01.02.22 - 19:12Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär.
Suw arassalaýjylaryň zähmet goşandy
01.02.22 - 19:13Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş sapary wagtynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde tebigy gazyň çykarylyşy, bu hazynalar mekanynda zähmet çekýän gazçylaryň iş, durmuş şertleri bilen içgin tanyşmagy «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçilerinde-de egsilmeýän zähmet joşgunyny döretdi.
Geofizikleriň göreldeli işleri
01.02.22 - 19:14Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Esenguly etrabynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda bolanda, nebitgaz toplumynyň beýleki düzümleri bilen bir hatarda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň günbatar sebitinde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen hem içgin tanyşdy.
Arkalaşykly işiň miwesi
18.01.22 - 15:19«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik düzümleriniň gazçylary Mary welaýatynyň ilatynyň döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretleriniň biri — tebigy gaz bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda alyp barýan maksatnamalaýyn işleri özüniň oňyn netijesini berýär.
Balkan welaýatynda nebitgaz pudagynyň batly gadamlary
18.01.22 - 15:21Geçen penşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, sebitiň nebitgaz pudagynda häzirki ýagdaýy düýpli seljermek hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini kesgitlemek saparyň baş maksady boldy.
Burawlaýjylar iş başynda
04.01.22 - 16:43— Her bir ýyly şowly jemlemek, ajaýyp baýrama saldamly zähmet sowgady bilen gelmek biziň üçin asylly däbe öwrüldi. Ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenip geçilen ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galanda taslama çuňlugy 3300 metre barabar bolan gözleg guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Täze ýyl baýramyny hem iş ýerimizde garşyladyk.
«Derýalyk» önümçilik edarasynda
04.01.22 - 16:44«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy aldylar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan müdirlik baş gaz geçirijiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär.
Mynasyp sowgatlar bilen
15.12.21 - 20:32Her bir şanly senäni zähmet sowgatlary bilen garşylamak, ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagyň hasabyna ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her kärhananyň işgärleriniň asylly ýörelgesidir. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatyndaky Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ruhubelent işgärleri hem bar.
“SMART WELLS” AND “DIGITAL FIELDS” ARE THE FUTURE OF THE OIL AND GAS SECTOR
15.12.21 - 00:03Our respected President Gurbanguly Berdimuhamedov pays great attention to the tasks of developing the oil and gas sector and strengthening its production, scientific and technical potential, on the basis of which large-scale investments are made in this sector. These activities are aimed at increasing the competitiveness of the country’s fuel and energy complex in the world and ensuring its contribution to socioeconomic development.