Nebitgaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, durmuşymyzyň häzirki
zaman talaplaryna laýyk kämilleşmeginde nebitgaz pudagyna uly orun degişlidir.
Türkmenistanyň energetika strategiýasy diňe çig maly
eksport etmek bilen çäklenmeýär. Pudakda ylmy-tehniki ösüşiň soňky
gazananlaryny peýdalanmak, kärhanalary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak, nebiti
we gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri gurmak onuň ileri tutulýan
ugurlarydyr.