Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti
«Türkmengaz» döwlet
konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň
biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary ýokary basyşly gaz
geçirijileri, gaz paýlaýjy beketleri, gaz sazlaýjy düwünleri güýz-gyş möwsümine
meýilnamada bellenilen möhletinde birkemsiz
Ýurdumyzyň Mary hem-de
Lebap welaýatlarynyň ilatyny, edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen ýylyň
bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edýän «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň
hünärmenleridir işçileri şu welaýatlaryň çäklerinde umumy uzynlygy 2570
kilometrdenem köpräk bolan ýokary basyşly gaz geçirij