DESGANYŇ 20 ÝYLLYGY DABARALY BELLENILDI
26.08.20 - 16:47Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň toý dabaralaryna beslenýän günlerinde TNGIZT-niň 7-nji sehiniň agzybir zähmetkeşleri CCR görnüşli katalizatory üznüksiz dikeldiji katalitik riforming desgasynyň 20 ýyllyk toýuny aýdym-sazly dabara bilen belläp geçdiler.
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ IŞEWÜRLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ULY GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
26.08.20 - 16:40Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we onuň çäklerinden alysda 2020-nji ýylda bellenilýän şanly waka — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär.
TAGALLALY ZÄHMETIŇ NETIJESI
26.08.20 - 16:35«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitgazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar. Konsern boýunça şu ýylyň ilkinji aýynda meýilnama goşmaça 2 müň 310 tonna barabar «gara altynyň» çykarylmagy, 1 müň 72 metre barabar çuňlugyň artyk burawlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
TÄZE SEPGITLERE YNAMLY BADALGA
26.08.20 - 16:30Amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolan Garaşsyz Diýarymyzda esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan pugta enjamlaşdyrmak, täze ýangyç geçirijilerini gurmak,
GADAMLARY BATLY GAZ AKDYRYJYLAR
26.08.20 - 16:25Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda işleriň ýokary depginde we sazlaşykly bolmagynda möhüm ähmiýete eýe hasaplanýan iri düzümleriň biri-de «Türkmengazakdyryş» birleşigidir. Birleşigiň esasy wezipesi tebigy gaz çykaryjy kärhanalardan alynýan «mawy ýangyjy» ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly ähli welaýatlarymyza we Aşgabat şäherine akdyrmakdan ybarat. Bu işler, ýagny ilaty, edara-kärhanalary,
ARKALAŞYKLY IŞ NETIJE BERÝÄR
26.08.20 - 13:19Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden tapgyrlaýyn satyn alyp berýän döwrebap ulaglarynyň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ulaglar müdirliginiň tehniki binýady yzygiderli täzelenilýär. Dürli kysymly ýük hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ýokary iş öndürijilikli, kuwwatly traktorlaryň uly toplumyny özüne birleşdirmegi kärhananyň hünärmenlerine, sürüjilerine işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk, täzeçe guramaklyga ýardam berýär.
TÄZE GUÝY ÖNÜM BERDI
26.08.20 - 13:20Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda burawlanan 8-nji gözleg guýusyndan 7 müň metre golaý çuňluga aralaşylyp, tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle jogapkärli sargydy buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň agzalary abraý bilen berjaý etdiler.
NEBITÇILERIŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI
26.08.20 - 09:26Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy,
KÄRHANANYŇ TÄZE BINASY
26.08.20 - 13:24Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasynyň täze, döwrebap binasy ulanylmaga berildi. Ol müdirligiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde guruldy.
TÄZE ÖNÜMLER ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRYLÝAR
26.08.20 - 14:51«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama düzümleriniň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny ýokary zähmet netijelerine besleýärler. Bu trestiň ussat gurluşykçylary welaýatyň çäginde dürli maksatly binalary gurmak, nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalar tarapyndan bina edilýän ymaratlara, täze gurulýan gaz geçirijilere zerur bolan demirbeton önümlerini öndürmek bilen bir hatarda,
ÝOKARY NETIJELER GAZANYLÝAR
26.08.20 - 14:47Hormatly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy noýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek,
TÜRKMEN NEBITÇILERINIŇ INNOWASION ÜSTÜNLIKLERI
26.08.20 - 15:36Türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak,
NAÝYPDAKY NETIJELI IŞLER
26.08.20 - 14:12Türkmen topragynyň astynda bol gorlary bolan uglewodorod serişdeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde, ilatymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz bu uly baýlygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä döwletlerinde abadançylygy, asuda ýaşaýşy berkarar etmegiň hyzmatynda goýýar.
SUW DESGASYNYÒ HYZMATY
26.08.20 - 14:06Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş guýularyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda, çykarylýan gazy düzümindäki kükürtden arassalamakda, ony harytlyk görnüşine ýetirmekde bu ýerdäki baş desgalar bilen birlikde kömekçi ulgamyň kärhanalarynyň hem uly hyzmatynyň bardygyny aýtmak gerek. «Marygazakdyryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy hem şeýle kärhanalaryň biridir.
TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGY — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ DAÝANJY
26.08.20 - 14:04Energiýa serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde uly orna eýedir we Ýeriň jümmüşindäki üsti açylan, çaklanylýan baý nebit we gazyň gor serişdeler binýady onuň geljeginiň esasyny emele getirýär. Şonuň bilen baglylykda, bu baýlyklardan ýerlikli peýdalanmagy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.