22-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Jon Mikal Kwistad we Şwesiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Tomas Danestad bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Skandinaw ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we işewür toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri we beýleki medeni çäreleri geçirmek medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Global Gateway – bu ÝB-niň global ykdysady taslamasy bolup, ol infrastrukturalary ösdürmäge, ýaşyl energetika, wodorod ýangyjyny öndürmäge we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaýa gönükdirilen taslamalara maýa goýmaklygy göz öňünde tutýar.