Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK—nyň burawlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky teklibi makullady

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK—nyň burawlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky teklibi makullady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň işi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, konsern tarapyndan nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmegiň hasabyna nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen zerur çäreler görülýär. Şunda döwrebap tehnologiýalary ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hasabaty diňläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmek we çig nebit hem-de tebigy gaz çykarylyşyny artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Burawlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky teklibi makullap, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe tabşyryk berdi.

Nebitgaz №36
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№36

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 8-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993