Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde ileri tutulýan ugurlarda – ýangyç-energetika, ulag we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösüş bilen häsiýetlenýändigini bellediler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy.
Iki ýurduň halkara we sebitara gurluşlarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+» formatlaryndaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesi beýan edildi.
Halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Diplomatlar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.