Prezident Serdar Berdimuhamdow Maliýe we ykdysadyýet ministrligini Türkmenistanyň 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga borçlandyrýan resminama gol çekdi.
Hususan-da, resminama laýyklykda, ministrlik bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.
31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde H.Geldimyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, indiki ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksat edinilýär.