Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Biz Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993