Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen nebitgaz ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory bilen nebitgaz ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdy

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi bellenildi. Nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy çig mal serişdelerini ulanmak arkaly milli ykdysadyýet üçin zerur bolan, şeýle-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, BAE-niň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda durmuşa geçirýän taslamalaryna üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň “Dragon Oil” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

“Dragon Oil” kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýandygyna örän buýsanýandygyny belläp, berilýän goldaw üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny bildirdi we kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini we Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993