25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar bolsa özara düşünişmek, hormat goýmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerini nazarlaýar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi. Halkara giňişlikde öňe sürülýän netijeli başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.