Türkmenistanyň Prezidenti we BAE-niň ykdysadyýet ministri iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we BAE-niň ykdysadyýet ministri iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu babatda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan baý nebitgaz serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatlaryny göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Gaýtadan dikeldilýän we “ýaşyl” energiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi maksadalaýykdyr.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993