Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň maksatnamasyna girýär

Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň maksatnamasyna girýär

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyny amala aşyrýar diýip, news.un.org habar berýär. Saparynyň çäklerinde ol Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Täjigistana we Türkmenistana barar.

Metbugat sekretary Stefan Dýužarrigiň habar bermegine görä, ýurtlaryň her birinde BMG-niň Baş sekretary döwlet Baştutanlary we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşar, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça taslamalar bilen tanşar. Bu ugurdan ýerli hünärmenler bilen duşuşar. Saparyň ilkinji nokady Daşkent bolar.

4-nji iýulda Astanada Baş sekretar Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşar. Guterriş öz çykyşynda foruma gatnaşyjylara BMG-niň Düzgünnamasyna esaslanan köptaraplylyk ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklamaklaryny ýatladar. Ol bu tagallalaryň özeninde parahatçylyga ymtylyşyň bolmalydygyny nygtar. Metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, Baş sekretar şeýle hem geosyýasy dawalaryň umumy wehimlere netijeli garşylyk görkezmäge , şol sanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge mümkinçilik bermeýändigini duýdurar.

Antoniu Guterriş 7-nji iýulda Nýu-Ýorka dolanar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993