Türkmenistan we Eýran gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Eýran gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

1 — 3-nji iýulda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, hususan-da, türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermegiň meselelerine garaldy.

DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, türkmen we eýran tarapy her ýylda 10 milliard kub metre çenli tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnama gol çekdiler. Resminama laýyklykda, türkmen tebigy gazy “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna iberiler. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri barada Metbugat habarnamasyna gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň gaz pudagyndaky bilelikdäki işiniň oňyn tejribesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň berk binýadyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de Eýrana tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometr bolan täze gaz geçirijini çekmek we gaz gysyjy desgalaryň 3-sini gurmak işleri ýerine ýetiriler.

Munuň özi Döwletabat — Sarahs — Hangeran ugry we “Çaloýuk” gaz ölçeýji bekediniň üsti bilen Eýran ugry boýunça iberilýän tebigy gazyň häzirki möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmen gazyny Eýrana we onuň üstünden üçünji ýurtlara ibermek boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär diýip, DIM belleýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993