BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Düýn günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Bu ýerde resmi wekiliýetler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş sekretary bilen söhbetdeşligi boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman Gahryman Arkadagymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunda Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideriniň raýatsyzlygy azaltmak we aradan aýyrmak meselelerini çözmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Şu gün iri halkara düzümiň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen resmi duşuşygy geçirilýär. Gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hem halkara hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň ençemesi giriziler. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri bolar. Onda hyzmatdaşlygyň geljegi, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alşylar. Ýokary derejeli myhmanyň saparynyň barşynda möhüm ähmiýetli dabaraly çäreler geçiriler.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, täze taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berer.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993