5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy, - diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gaz üpjünçilik ulgamynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda habar berlişine görä, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda zerur çäreler görülýär, hususan-da, täze tehnologiýalara laýyklykda, tebigy gazy sarp edýän hojalyklarda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatymyzy, edara-kärhanalary tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen howpsuz hem-de ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýän döwrebap gaz hasaplaýjy enjamlaryň gurnalmagynyň wajypdygyny belledi.
Gaz üpjünçilik desgalarynyň önümçiligine has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy tebigy gazyň sarp edilişine gözegçiligi has-da güýçlendirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.