Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993