31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamyna aýratyn üns berildi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutany türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýär. Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda BAE-niň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol duşuşyklarda gaz eksport ugurlaryny giňeltmek, täze känlere maýa goýumlar we innowasion taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministriniň 30-31-nji iýulda Türkmenistana sapary hem şeýle gepleşikleriň dowamydyr.