5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen tagallalary üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Gazagystan Respublikasy bilen däp bolan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýän köpýyllyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýar. Şeýle hem iki döwletiň halkara giňişlikde, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigi, ählumumy, sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da ýakyndygy, birek-biregiň başlangyçlaryny goldaýandyklary nygtaldy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda, üstaşyr ulag ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamyna aýratyn üns çekip, ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hoşlaşanlarynda, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdiler.